Her ýyl mart aýynyň başynda gowşurylýan “Ýewropada ýylyň awtoulagy” baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. Ýapon brendi “Toyota”-nyň “Yaris” modeli 2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy. Her ýyl gowşurylýan baýraga ilkibaşda 29 ulag goşulýar. Soňra olardan 7 sanysy finala galýar. “Toyota Yaris” geçen ýyl hem bu baýraga mynasyp bolupdy. Şeýlelikde ýapon brendi “Volkswagen Golf” we “Renault Clio” ýaly bu baýraga birden köp gezek mynasyp bolan ulaglaryň hataryna goşuldy. Emin agzalary bu ulaga 266 bal berdiler. Ikinji bolan “Fiat 500 Electric” 240, üçünji ýeri eýelän “Cupra Formentor” 239 bal aldy. “Volkswagen”-iň elektrokary “ID.3” 224 bal aldy.
Finala “Skoda Octavia” (199 bal), “Land Rover Defender” (164 bal) we “Citroen C4” (143 bal) ýaly ulaglar hem galdy.