Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, 25-nji fewralda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ol her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriler.
2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow öz çykyşynda alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini we hormatly Prezidentimiziň halk seçgiçiliginiň we häzirki zaman dünýä ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň çäklerinde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini saklamagyň we wagyz etmegiň bu düzümiň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Eziz Diýarymyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejesinde giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy ulanylmaga berildi. Änew şäherinde bolsa weterinar hassahana we öý haýwanlaryny saklamak üçin dünýä ölçeglerine gabat gelýän desga guruldy. Döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek, keselleri ýüze çykarmak we ony ýokary derejede bejermek üçin öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Döwlet serhet gullugynda «Türkmen alabaýy» tohumdaky itleri ösdürýän we kämilleşdirýän merkeziň täze binalar toplumynyň açylyşy boldy.
Häzirki wagtda assosiasiýa tarapyndan Ahal welaýatynda karantin merkezi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri gurulýar. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy bina edilýär.
Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar, dünýäniň dürli döwletlerinden bolan hususy itşynaslar bilen degişli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Assosiasiýanyň hünärmenleri türkmen däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Olaryň hatarynda alabaý itlerini ösdürmek ugry hem bar.
Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde alabaýyň muşdaklarynyň sany artýar. Şonuň üçin Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň web-saýtyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu alabaýlary ösdürmek we köpeltmek boýunça hünärmenleriň, alymlaryň hem-de alabaýlaryň muşdaklarynyň meşhur itleriň taryhy watanynda duşuşmaklaryna şert döreder. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu düzümiň agzalarynyň arassa ganly itleriň saklanylmagyna, täze ugurlaryň döredilmegine, alabaýlaryň baş sanynyň artdyrylmagyna gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işlerini yzygiderli alyp barjakdyklaryna ynandyrdy.
Maslahatda çykyş eden hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Weterinar lukmançylygy» fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda täze hünäriň – kinologiýa hünäriniň açylandygyny, talyplaryň bu hünäri ilkinji gezek özleşdirmek boýunça degişli bilim alýandyklaryny nygtadylar.