Ban­ko­mat­la­ryň peý­da bo­la­ny­na köp wagt ge­çen hem bol­sa, sa­tyn alan ha­ry­dy­ň ýa-da hyz­ma­ty­ň tö­le­gi­ni bank kart­la­ry ar­ka­ly tö­le­mek ýa­ňy-ýa­ňy­lar ýaý­baň­la­nyp baş­la­dy. Sa­tyn al­nan ha­ry­dyň ýa-da hyz­ma­tyň tö­le­gi­ni ge­çir­mek üçin adat­ça, söw­da no­kat­la­ryn­da ýö­ri­te ter­mi­nal­dan peý­da­la­nyl­ýar. Bu ter­mi­nal­lar ar­ka­ly müş­de­ri bank kar­ty­ny sa­ty­ja ber­ýär. Sa­ty­jy bu kar­ty tö­leg ter­mi­na­lyn­dan ge­çi­rip, tö­le­giň de­giş­li muk­da­ry­ny gi­riz­ýär. Hä­zir­ki wagt­da giň­den ula­nyl­ýan bu usul­da müş­de­ri açar sö­zü­ni sa­ty­ja aýt­ma­ly bol­ýar.
Em­ma ösen teh­no­lo­gi­ýa elekt­ron tö­le­giň gal­ta­şyk­syz gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Gal­ta­şyk­syz tö­leg­de bank kar­ty­ny tö­leg ter­mi­na­lyn­da­ky de­giş­li ýe­re bel­li bir ara­ly­ga çen­li go­laý­laş­dyr­mak ar­ka­ly tö­le­gi ge­çi­rip bol­ýar. Mu­nuň üçin di­ňe ter­mi­na­lyň däl, eý­sem, kar­tyň hem gal­ta­şyk­syz tö­leg üçin ni­ýet­le­nen bol­ma­gy ze­rur­dyr. Bu usul, köp­lenç, met­ro, aw­to­bus ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da ula­nyl­ýan hem bol­sa, bö­lek söw­da no­kat­la­ryn­da hem peý­da­la­ny­lyp baş­lan­dy. Köp ýe­ňil­lik­le­ri bo­lan bu usul ýur­du­myz­da hem bar­ha ýaý­baň­lan­ýar. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar gal­ta­şyk­syz tö­le­ge bo­lan is­le­gi has hem art­dyr­dy. Se­bä­bi elekt­ron tö­le­giň bu gör­nü­şi sa­ty­jy bi­len müş­de­ri­niň bir-bir­le­ri­ne go­laý­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar, ýag­ny adam­lar bi­len howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­ga şert dö­red­ýär. Has dog­ru­sy, bu usul­da sa­ty­ja ze­rur­lyk hem du­ýul­ma­ýar. Şeý­le hem müş­de­ri­niň wag­ty­ny ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le kart­la­ryň ban­ko­mat­lar­dan nagt pul al­mak üçin ula­nyl­ýan gör­nüş­le­ri hem bar.
Gal­ta­şyk­syz tö­le­giň bank kart­syz gör­nüş­le­ri hem soň­ky ýyl­lar­da ýaý­baň­lan­ýar. Bu usul smart­fon­la­ra gur­na­lan ýö­ri­te mo­bil go­şun­dy ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň üçin ban­kyň ýö­ri­te prog­ram­ma­sy ozal­dan te­le­fo­na gurnalan we müş­de­ri­niň bank kar­ty bi­len bi­rik­di­ri­len bol­ma­gy ze­rur­dyr. Elekt­ron söw­da­nyň äh­li gör­nü­şi­niň söw­da we hyz­mat ediş mer­kez­le­ri hem-de sa­ty­jy­lar üçin amat­ly ta­rap­la­ry köp. Müş­de­ri­leriň ýa­nyn­da pul gö­ter­mek ze­rur­ly­gy ara­dan aý­ryl­ýar, wag­ty­ny tyg­şyt­la­ýar. Söw­da no­kat­la­ryn­da bol­sa, nagt pul sa­na­mak, ha­sap­la­mak we ma­li­ýe eda­ra­sy­na äkit­mek ýa­ly iş­ler ara­dan aý­ryl­ýar. Bu ýag­daý iş­gär­ler üçin edil­ýän çyk­da­jy­ny hem azald­ýar.

Ba­tyr Gut­ly­my­ra­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.