Gün­de­lik iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän gök önüm­le­riň we mi­we­le­riň ka­da­ly möç­be­ri kes­git­len­di. Uzak ýa­şa­mak üçin her gün iki mi­we we üç gök önüm iý­me­li. Bu ba­ra­da­ky pi­ki­ri Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy mek­de­bi­niň alym­la­ry öňe sürdü­ler. Ola­ryň bu ugur­da­ky yl­my-bar­lag işi «Circula­ti­on» žur­na­lyn­da çap edil­di. Alym­lar ýüz müň­den gow­rak ada­myň gat­naş­ma­gyn­da iki sa­ny uly göw­rüm­li yl­my-bar­lag işi­ni ama­la aşyr­dylar. Bu adam­lar ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar otuz ýy­lyň do­wa­myn­da ýyg­nal­dy. Her 2-4 ýyl­dan yl­my-bar­la­ga gat­na­şy­jy­lar öz­le­ri­niň iý­mit­le­ni­şi ba­ra­da alym luk­man­la­ra jik­me-jik mag­lu­mat ber­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, sel­jer­mä­niň çäk­le­rin­de ola­ryň gök önüm­ler we mi­we­ler bi­len iý­mit­len­me­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar hem ha­sa­ba alyn­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, her gün­ gök önüm hem-de mi­we iý­me­giň adam sag­ly­gy­na peý­da­ly­gy­ny, ýö­ne ola­ryň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň hiç hi­li goş­ma­ça tä­si­ri­niň ýok­du­gy mä­lim edil­di. Mun­dan baş­ga-da, uzak we sag­dyn dur­muş üçin iň amat­ly gün­de­lik iý­mit­de ösüm­lik­ler­den gel­ýän önüm­le­riň gat­na­şy­gy aşak­da­ky ýa­ly bol­ma­ly: iki mi­we we üç gök önüm.

Gur­ban­gel­di HAÝ­DA­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.