Britan statistikasyna görä, Russiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýyl ýokary derejä ýetip, 27 milliard dollardan geçdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Beýik Britaniýadaky söwda wekili Boris Abramow:
– Dünýä ykdysadyýetiniň çökgünligi başdan geçiren ýylynda haryt dolanyşygynda we söwda gatnaşyklarymyzyň bütin taryhynda rekord gazanmagy başardyk. Ol 27,3 milliard dollara deň boldy, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bir ýarym esse köpdür. Häzirki wagtda Russiýa ABŞ-dan we Hytaýdan soň Beýik Britaniýa iň köp eksport edýän ýurt hökmünde öňe saýlanýar – diýip belledi. Ýöne Beýik Britaniýa 2020-nji ýylyň ahyrynda Russiýa üçin dördünji daşary ýurt hyzmatdaşy boldy. 2019-njy ýylda Russiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 17,3 milliard dollara deň bolupdy.