Otag gül­le­ri di­ňe bir pen­ji­re­le­ri­mi­ziň öňü­ni be­ze­män, eý­sem, ota­gyň ho­wa­sy­ny hem aras­sa­la­ýar. Bu gül­ler üçin nä­çe ala­da edil­se, şon­ça-da owa­dan­laş­ýar. Ýa­zyň gel­me­gi bi­len, esa­san, öýü­ňiz­de il­kin­ji üns ber­me­li za­dy­ňyz otag gül­le­ri­niň ýaz­ky ide­gi­dir. Se­bä­bi her möw­süm­iň dür­liçe ideg usulla­ry­nyň bol­şy ýa­ly, ba­har aý­la­ry il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap otag gül­le­ri­niň ide­gi­ni has-da art­dyr­mak üçin ün­si ta­lap ed­ýän möw­süm. Ösüm­lik­le­riň top­rak­la­ry­ny ho­wa­lan­dyr­mak, mör-mö­jek­le­riň ze­per ýe­ti­ren şa­ha­jyk­la­ry­ny kes­mek hem-de gu­ran ýap­rak­lar­dan, ösen ha­şal ot­lar­dan aras­sa­la­mak wa­jyp­dyr.
Ýap­rak­ly otag gül­le­ri­ni Gün şöh­le­si­niň köp düş­ýän ýe­rin­den çet­leş­dir­mek, çyg­ly­ly­gy we ýy­ly­ly­gy aram de­re­je­de sak­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ýap­rak­la­ry­nyň to­zan­la­ry­ny wagt­ly-wag­tyn­da sü­pür­me­li, gü­na­şa su­wa­ryp dur­ma­ly. Top­ra­gy­nyň dü­zü­min­de daş bol­ma­ly däl. Gu­ran ýap­rak­la­ry çyg­ly sü­pür­giç­ler bi­len sü­pü­ri­lip du­rul­sa, ösüm­li­giň bü­tin­leý gu­ra­ma­gy­nyň öňü­ni alyp bo­lar. Ýap­rak­la­ryn­da­ky we şa­ha­la­ryn­da­ky to­zan­la­ryň uzak wagt aras­sa­lan­man sak­lan­ma­gy onuň çüý­re­me­gi­ne se­bäp bo­lar. Top­ra­gy­ny ýe­ňil gör­nüş­de hep­de­de iki ge­zek ho­wa­lan­dy­ry­lyp dur­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Gü­lüň uzak ýaşamagy üçin ulu­ly­gy­na gö­rä gül­dan­lar­da oturt­ma­ly. Ösüm­lik­le­riň ös­ýän otag­la­ry­ny ýe­le­ji­re­dip dur­ma­ly.
Gü­le ideg edi­len­de top­rak ba­ra­da hem kä­bir zat­la­ry bil­me­li. Her gü­lüň ha­la­ýan top­ra­gy baş­ga bol­ýar. Kä­bir gül­ler çä­ge­söw top­ra­gy ha­la­ýan bol­sa, kä­si to­ýun­ly top­ra­gy go­wy gör­ýär. Şeý­le hem gül ka­da­ly su­wa­ryl­ma­ly. Köp suw ta­lap et­me­ýän gü­le yzy­gi­der­li suw be­ril­se, kök­le­ri çüý­re­ýär. Wag­tyn­da su­wa­ryl­madyk gül hem sol­mak bi­len bol­ýar. Kä­bir ösüm­lik­ler gü­nüň bel­li wagt­la­ryn­da Gün şöh­le­si­ni has köp ta­lap ed­ýän bol­sa, bel­li wagt­lar­da kö­le­ge­li ýer­ler­de go­ýul­sa peý­da­ly. Otag ösüm­lik­le­ri­niň goý­lan ýe­ri­niň ýag­ty­ly­gy, ýy­ly­ly­gy we ho­wa­sy­nyň çyg­ly­ly­gy ka­da­ly bol­ma­ly. Aşa ýo­ka­ry ýa-da aşa pes ýy­ly­lyk gü­lüň sol­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.