Şu aýyň başynda açylan Pariž awtoulag sergisinde elektroulaglaryň köplügi ünsüňi çekýär. Kompaniýalar alternatiw energiýa bilen işleýän has kuwwatly ulaglary öndürip biljekdiklerini aýdýarlar we öz täze modelleri bilen muny subut etmäge çalyşýarlar. Muňa garamazdan, dizel hereketlendirijiniň ýerini tutjak motoryň bolmajakdygyny aýdýanlar hem bar. Kämil elektromobil öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Tesla”-nyňkydan has ýokary hilli ulaglarynyň nusgalyk görnüşlerini görkezdiler.
Halkara sergide “Opel”-iň “Ampera-e” modeli ýokary aýratynlygy bilen üns merkezinde boldy. Şeýle hem kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan BMW-niň bu ugurda dürli taslamalary bar. Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy bolsa, häzirki wagtda iň köp gibrid ulag öndürmegi bilen tanalýar. Kompaniýa diňe elektroulag däl, energiýanyň adaty bolmadyk çeşmelerinden peýdalanmakda hem täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýar. Awtoulag öndüriji şereketler, esasan, dizel hereketlendirijileri aradan aýyrmak üçin tagalla edýärler. Sebäbi olaryň howany has köp hapalaýandygy aýdylýar. “Volkswagen”, “Renault” ýaly kompaniýalary dizel motorly ulaglaryň önümçiligini azaltmagyň aladasyny edip başladylar. Onuň ýerine benzinli, gibrid we elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligi artdyrylýar. Häzirki wagtda az sanly wodorod ýangyjy bilen işleýän hereketlendirijileriň hem geljekde artmagyna garaşylýar.
“Tesla”-nyň indiki ýylyň başyndan müşderilere ýetirip başlajak öňkülerden amatly bahaly (35 müň dollar töweregi) “Model 3” ulagyna näderejede isleg bildiriljekdigini wagt görkezer. Sebäbi onuň bäsdeşleri eýýäm köpelip ugrady. Olaryň käbiri “Tesla”-dan has kämil. Bilermenler elektromobilleriň arasyndaky iň ýiti bäsdeşligiň “Tesla” bilen “Opel”-iň arasynda boljakdygyny aýdýarlar.
“Opel Ampera-e” modeliniň daşky gabarasy “Astra” we “Corsa” modellerine meňzeýär. “Tesla”-nyň “Model 3”-i bolsa sport ulagyny ýada salýar. Emma amerikan şereketiniň ulagynyň içine gireniňde, onda has ýokary tehnologiýadan peýdalanylandygy mese-mälim duýulýar. “Ampera-e”-da 10 dýuýmlyk, “Tesla”-da 15 dýuýmlyk ekran bar.
“Tesla” öz täze modeliniň kuwwatynyň 300 at güýjüne barabar boljakdygyny aýdýar. Ol 100 km/s tizlige 5,5 sekuntda, “Ampera” bu tizlige 6 sekuntda ýetýär. “Opel”-iň hereketlendirijisiniň kuwwaty 204 at güýjüne barabar.
Iki modele hem gysga wagtda zarýad berip bolýar. “Ampera-e” 30 minutda alan zarýady bilen 150 km ýol geçip bilýän bolsa, “Model 3” 20 minutlyk güýç bilen 200 km gidip bilýär. “Model 3” doly zarýad bilen 346 km ýol geçer. “Ampera-e”-de bu görkeziji synag şertlerinde 505 km, gündelik işlerde ulanylanda 386 km külterleýär.
Iň ýokary tizligi 150km/s bolan “Opel Ampera-e”-niň bahasy resmi ýagdaýda mälim edilmedi.
Dizel hereketlendirijiler ulanyşdan galmaz
“Mercedes” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dýeter Setşe öz elektromobilleri barada giňişleýin maglumat berdi. Kompaniýa sergide EQ atly nusgalyk ulagyny görkezdi. Dýeter Setşe dizel ýangyjyny dolulygyna aradan aýyrmak üçin entek irdigini aýtdy.
Diňe elektrik energiýasy bilen işlär
BMW kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän X2 nusgalyk ulagy barada maglumat berdi. Şeýle hem BMW-niň wekilleri ýakyn günlerde dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän X3 hem-de “Mini” modelleriniň taýýar boljakdygyny habar berdi. Nemes brendiniň ýolbaşçysy Harald Kruegeriň metbugata beren beýanatynda “Mini”-niň 2019-njy ýylda, X3-iň 2020-nji ýylda awtoulag söýüjilere ýetiriljekdigi mälim edildi. BMW 2009-njy ýylda, 500 sany “Mini E”-ni synagdan geçiripdi. 2013-nji ýylda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “i3” modelini we yzysüre “i8” modelini tanyşdyrypdy.