Iň kiçi planeta bolan Plutonyň “Charon” hemrasynyň ýokarsyndaky gyzyl bölegiň nämedigi barada anyk maglumatlar toplandy. Amerikan aerokosmos edarasy NASA planetany öwrenmek maksady bilen geçen ýyl “New Horizon” atly emeli hemrasyny uçurypdy. Ol Gün ulgamynyň iň çetki planetasyny we onuň hemrasyny ýakyndan görmäge mümkinçilik beripdi. Onuň Ýere ugradan suratlarynda “Charon”-yň demirgazyk polýusy gyzyl reňkli bolup görünýärdi we ol astronomlaryň ünsüni özüne çekipdi. Bu ugurda bir ýyl töweregi ylmy-barlaglary geçiren astronomlar onuň metan gazydygyny anykladylar. Gazyň bu ýere Plutondan gelendigi aýdylýar. Metan gazy ol ýerde doňup, şeýle şekili emele getirýän eken. Astronomlar kiçijik planetanyň dartyş güýjüniň pesdigini, şol sebäpli ondaky metan gazynyň uçandygyny, onuň hemrasyndaky dartyş güýjüniň bolsa, gazy özüne çekendigini belleýärler. Ýüzlerçe ýyllap dowam eden “gyş pasly” asman jisimindäki sowuklygy 257 derejä çenli peseldýär. Şeýlelikde, ol ýerdäki metan gazy doňupdyr. Emma bu düşündiriş reňksiz gazyň nädip gyzyl görünýändigini aýdyňlaşdyrmaýar. Onda bu reňk nireden geldikä? Onuň şeýle görünmeginiň sebäbi “tholin” atly organiki material. Ultramelewşe şöhle arkaly ýüze çykýan bu material sebitiň gyzyl görünmegine sebäp bolýar.
Pluton we onuň hemrasy Günüň daşyndan 248 ýylda bir gezek aýlanýar. Sebäbi emeli hemra Günden örän uzakda ýerleşýär. Şol sebäpli “Charon”-yň demirgazyk polýusyna 100 ýyl Gün şöhlesi düşýär, 100 ýyllabam garaňky tarapda galýar. Ýagny ol ýerde gije-gündiziň çalşygy bir asyr dowam edýär.