Argentinada arheologlar 140 million ýyllyk titanozawryň galyndylaryny tapdylar. Titanozawryň skeletiniň bölekleri Neuken şäheriniň günortasynda, Argentinanyň Patagon çölünden ýüze çykaryldy. Barlag geçirijiler galyndylaryň «Ninjatitan zapatai» dinozawr görnüşlerine degişlidigini mälim etdiler. Olaryň pikiriçe, ot iýip ýaşaýan bu jandar, uzyn boýny we aýaklary bilen tapawutlanýar. Irki hek döwrüniň galyndylary gaty seýrek bolup, şeýle tapyndylaryň her biri ylymda uly gyzyklanma döredýär.