Şu ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýyň eksporty rekord derejede 60,6% artyp, 468,8 milliard dollara ýetdi. Geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar Hytaýyň ykdysadyýetine täsirini ýetiripdi. Muňa garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň jemi içerki önümi 2,3% ösüşi görkezip, ýeke-täk uly ykdysadyýetli ýurt bolupdy. Eksportyň çalt ösmeginiň sebäbi Hytaýyň lukmançylyk enjamlaryny, kompýuterleri, elektron enjamlaryny we beýlekileri köp mukdarda öndürmegidir.