Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna süýşürilen Dubaýyň «Expo 2020» sergisi açylýança ýene 7 aý töweregi wagt bar. Ýöne myhmanlar onuň iň täsirli diwarlyklary bilen häzirden tanşyp bilerler. Bu barada Dubaýyň Syýahatçylyk we söwda marketingi edarasy habar berdi. «Expo 2020»-niň ilkinji tapgyry şu ýylyň başyndan 10-njy apreline çenli bu ýere gelip görmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde ozaly bilen serginiň esasy tematiki sütünlerinden biri bolan «Terra» diwarlygyny synlap bolýar.
Bütindünýä sergisi «Expo-2020»-niň diwarlyklarynyň açylmagy Dubaýyň myhmanlaryna 10-njy aprele çenli köpçülige deslapky syn hökmünde elýeterli boljak «Terra» – «Durnukly ösüş» diwarlygyny ilkinji bolup görenleriň arasynda bolmaga mümkinçilik döreder. «Expo 2020»-niň ilkinji tapgyry emirligiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry – 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda guraljak Ýakyn Gündogar sebiti üçin ilkinji dünýä sergisinde Dubaýda nämä garaşylýandygyny görmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«Terra» – «Durnukly ösüş» diwarlygy şu ýylyň başynda açyldy. «Alif», «Hereketlilik», «Missiýa ýerine ýetirildi» we «Mümkinçilikler» ýaly diwarlyklar bolsa ýakyn günlerde elýeterli bolar.
– Şu ýyly şeýle oňyn işler bilen başlandygymyza begenýäris we emirligiň ýaşaýjylaryny «Terra» diwarlygyny ilkinjileriň hatarynda görmäge çagyrýarys. Esasan hem, durnukly ösüşiň adamzat jemgyýeti üçin has möhüm bolan döwründe bu sergi aýratyn ähmiýete eýe bolar. 2020-nji ýyl biziň çemeleşmelerimizi hemişelik özgerden ýyl hökmünde hakydamyzda galar. Şeýle hem bu ýyl emele gelen kynçylyklara mynasyp jogap tapmak üçin tagallalarymyzy birikdirmäge mümkinçilik berdi. Hut şu hem «Expo 2020» sergisiniň esasy meselesi we BAE hökümetiniň maksady bolupdy, şol bir wagtyň özünde «Mümkinçilikler», «Hereketlilik» we «Durnukly ösüş» ýaly tematiki diwarlyklarymyz bütin adamzat üçin has gowy geljegi bilelikde gurmak maksady bilen dünýä meselelerini çözmek ugrunda bilelikdäki işi goldaýanlary birleşdirýär – diýip, BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministri we Dubaýdaky «Expo 2020» edarasynyň başlygy Rim Al-Haşimi aýtdy.
«Terra» diwarlygyna gelip görýänler çagalar üçin oýun meýdançasy, sowgat dükany we garbanyşhana zolagy ýaly özboluşly köpçülik ýerleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem «Terra» bölümi öz myhmanlaryny interaktiw usul arkaly tebigatyň täsinlikleriniň içi bilen täsin syýahata atarýar. «Terra» diwarlygynyň ylmy-barlag we oýun formaty geljekki nesillere habarlylyk, ekologik jogapkärçilik we tebigy baýlyklary akylly-başly peýdalanmak ugrunda ylham bermek üçin ylmy merkez hökmünde miras galar.
– Bu global sergi ekologiýa taýdan öňdebaryjylaryň biri bolmagy maksat edinýär we BAE-niň global «ýaşyllaşdyrmak» ugrundaky tagallalaryny goldaýar. Şol sebäpden bu ýere gelýänler «Durnukly ösüş» diwarlygy bilen ýakyndan tanyş bolup, dünýädäki käbir çynlakaý ekologiýa meselelerini gyssagly çözmegiň zerurdygyna düşünip, şahsy tejribä eýe bolarlar. Bizi birleşdirýän, oňyn üýtgeşmeler üçin bilelikde işlemäge ruhlandyrýan we üstünliklere atarýan «Expo 2020» sergisi ýaşyna garamazdan, ähli milletlere güýç, ynam we bilim berer. Bu bolsa geljekde durmuşyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşi saýlap almaga mümkinçilik berer – diýip, öz gezeginde «Expo 2020» sergisiniň diwarlyklar meseleleri boýunça müdiri Marjan Faraýduni belledi.
Meşhur binagärlik kompaniýasy «Grimshaw Architects» tarapyndan taslanan diwarlyk bolsa ekologiýa taýdan durnukly gurluşyk dizaýnyny görkezýär. Nol energiýa we suw balansy mümkinçiligi bilen gurlan bölüm, suwy tygşytlamak we gaýtadan ulanmak üçin ösen ulgamyň, şeýle hem alternatiw çeşmeleriň ulanylmagyny üpjün edýär.
Serginiň maksady dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakdan ybaratdyr. Bu çäre «Akyllary birleşdirip, geljegi gurmak» şygary bilen dünýäniň iň soňky innowasiýalaryny, ylmy açyşlaryny we pikirlerini ýüze çykarar. Bu bolsa öz gezeginde gowy geljege tarap utgaşdyrylan maksatnamalary öňe sürmäge ýardam berer. «Expo 2020» sergisi täze açyşlar üçin «ýol kartasy» bolar, ýurtlar, dürli guramalar, kärhanalar we bilim edaralary, şeýle hem millionlarça myhmanlar, 200-den gowrak gatnaşyjy ýurtlar dünýäni kämilleşdirmek maksady bilen tagallalaryny birikdirerler.
«Expo 2020»-niň esasy üç mowzugy – «Mümkinçilik», «Hereketlilik» we «Durnukly ösüş» – myhmanlary täzeçe pikirlenmek we ýaşamak üçin akylly-başly tagalla etmäge ruhlandyrar. «Expo 2020» dünýädäki üstünlikleriň baýramçylygydyr, bu ýerde her kim özüne zerur bolan zady tapyp biler. Tehnologiýany, döredijiligi we medeniýeti görkezýän gündelik çäreler bu ýere gelýänleri haýran galdyrar, gastronomiki zolaklarda bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynyň tagamlary hödürlener. Bu sergi ilkinji gezek Afrika, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň çatrygyndaky sebitde geçiriler. Meýdany 4,38 inedördül kilometre deň bolan zolakda ýaýbaňlandyrylýan sergi Dubaýyň günortasyndaky Al-Maktum halkara howa menziline ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Uzak geljege niýetlenip döredilen «Expo 2020» bar bolan täzelikleriň mysalydyr. Bu şäherçe Bütindünýä sergisi ýapylandan soň, tehnologiýa we ekologiýa taýdan ösen «District 2020» atly geljegiň ösen şäherçesi bolar.