Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­de­ni umu­my gym­mat­lyk­la­ra we ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da tä­ze yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga ça­gyr­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we ABŞ Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­syn­da «Air­bus» we «Boeing» bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li güm­rük hak­la­ry­ny dört aý tog­tat­mak ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we ABŞ güm­rük hak­la­ry me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin bi­le­lik­de hyz­mat­daş­lyk eder­ler. Ur­su­la fon der Lýa­ýen mu­nuň ýa­kyn ýyl­lar­da ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk üçin oňaý­ly ýag­daý­dy­gy­ny aýt­dy.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry Jo­zef Baý­de­niň hä­ki­mi­ýe­te gel­me­gi bi­len ABŞ-nyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ryň tä­ze­den baş­lan­ma­gy­na ýol açy­lyp ug­ran­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Şarl Mi­şel ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da tä­ze şert­na­ma bag­laş­ma­gy tek­lip et­di. Onuň pi­ki­ri­çe, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry ile­ri tu­tul­ýan bäş ugur bo­ýun­ça iş­le­me­li: köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek; COVID-19-a gar­şy gö­reş; ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş; yk­dy­sa­dy di­kel­diş, ada­lat­ly söw­da­ny üp­jün et­mek; howp­suz­lyk bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­.