BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş global ýylylyk derejesiniň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen elektrik pudagynda kömrüň ulanylmagyny tapgyrlaýyn bes etmäge çagyryş etdi.
– Energetika pudagynda kömürden tapgyrlaýyn ýüz öwürmek, gyzgynlygyň 1,5 derejeden ýokary geçmeginiň öňüni almak maksady bilen möhüm ädimdir. Gürrüň bu ýerde elektrik energiýasy önümçiliginde kömrüň ulanylyşyny 2010-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli 80 göterim azaltmak barada barýar – diýip, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreş belledi.
Ol gazylyp alynýan energiýa serişdeleri bilen baglanyşykly howanyň hapalanmagy netijesinde adamzadyň ýaşaýşyna düýpli zeper ýetirilýändigini belledi.
– Häzirki wagtda kömür bilen işleýän elektrik beketlerini guranyňdan hemme ýerde diýen ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmelerini öndürýän täze desgalary gurmak arzan. Şeýle hem Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlarda täze Gün elektrik beketlerini gurmaga goýberilýän çykdajylaryň kömür bilen işleýän elektrik beketlerini gurmaga goýberilýän çykdajylardan az – diýip, Baş sekretar belledi.