10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly çä­rä Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry we tür­gen­ler gat­naş­dy­lar. Ýyg­na­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik mis­si­ýa­la­ry­nyň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri bar. Hem­me­ler ýur­du­my­zyň spor­tu­nyň ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­ren we ony hil taý­dan tä­ze be­lent­li­ge çy­ka­ran çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly, tä­ze­çil sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan mil­li Lide­ri­mi­zi uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ry mü­bä­rek­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu wa­ka­nyň türk­men spor­ty üçin, tu­tuş ýur­du­myz üçin äh­mi­ýet­li bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Biz hä­zir Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 45 ki­log­ram ag­ram­da­ky tür­gen­le­riň ara­syn­da dün­ýä­niň çem­pio­ny diý­lip yk­rar edi­len, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­ny sy­lag­la­mak üçin ýyg­nan­dyk. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu tür­ge­niň ýa­ryş­da iki sa­ny al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lup, spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy­ny go­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.
Bu aja­ýyp ýe­ňiş do­ly ka­nu­na­la­ýyk­dyr. Ol ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny wa­gyz et­mä­ge, adam­la­ry sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­si­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Türk­me­nis­tan sport döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan örän ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän sport döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de köp san­ly sport des­ga­la­ry, ýo­ka­ry de­re­je­li sta­di­on­lar, we­lot­rek­ler gu­rul­ýar. Ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne çen­li be­den­ter­bi­ýe mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Biz Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň esa­syn­da du­ran be­lent mak­sat­la­ry iş ýü­zün­de ama­la aşyr­ýa­rys. Spor­ty bü­tin hal­kyň baý­ly­gy­na öwür­mek, adam­la­ra sag­lyk, şat­lyk we er­tir­ki gü­ne ynam ber­mek şol mak­sat­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň sport ba­bat­da alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň örän mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz soň­ky ýyl­lar­da iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di di­ýip, döw­let Baş­tuta­ny­myz bel­le­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da V Azi­ýa oýun­la­ry, «Amul–Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­ty ýa­ly ta­ry­hy wa­ka­lar bar.
Bu ýa­ryş­lar Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň örän giň ge­rim­li we uly äh­mi­ýet­li sport çä­re­le­ri­ne go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi hem-de ola­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi ba­şar­ýan­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä äş­gär et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da şu ýyl We­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň, Azi­ýa we Okea­ni­ýa IV to­pa­ryn­da ten­nis bo­ýun­ça De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň tap­gy­ry­nyň, 2022-nji ýyl­da bol­sa, Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň hem ýo­ka­ry de­re­je­de, gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­jek­di­gi­ne ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň sport ta­ry­hyn­da aja­ýyp sa­hy­pa­la­ryň az ýa­zyl­man­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aja­ýyp agyr at­le­ti­ka­çy­myz, dün­ýä­niň we Ýew­ro­pa­nyň üç ge­zek çem­pio­ny, şeý­le hem Azi­ýa­nyň çem­pio­ny Al­ty­my­rat Oraz­dur­dy­ýe­wi ýa-da gör­nük­li tür­gen, döw­rü­niň iň meş­hur mer­ge­ni hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň kü­müş me­da­ly­nyň eýe­si, ny­şa­na ok at­mak­da köp ge­zek dün­ýä­niň we Ýew­ro­pa­nyň rekordsmeni Ma­rat Ny­ýa­zo­wy ýat­la­dy. Olar bi­ziň naý­ba­şy tür­gen­le­ri­miz­dir, gö­rel­de al­ma­ga nus­ga­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de hem türk­men spor­tu­nyň däp­le­ri­niň do­wam edip gel­ýän­di­gi we ös­dü­ril­ýän­di­gi, tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy gu­wan­dyr­ýar. Bi­ziň ýaş tür­gen­le­ri­miz uly ne­sil­le­riň ýe­ňiş­li ýo­lu­ny my­na­syp do­wam ed­ýär­ler. Dür­li ýa­ryş­lar­da aja­ýyp ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, söý­gü­li Wa­ta­ny­my­zyň baý­da­gy­ny al-as­man­da par­la­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­ýar­lar.
Şo­la­ryň bi­ri hem al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­dyr. Bäs­le­şik­de onuň ga­za­nan bu uly sy­la­gy Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä sport gi­ňiş­li­gin­de ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Bu ýo­ka­ry sy­la­gyň eýe­si – bi­ziň mak­sa­da ok­gun­ly, tu­tan­ýer­li, eziz Wa­ta­ny­my­za çäk­siz we­pa­ly, ýe­ňiş üçin äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­ma­jak ýaş­la­ry­my­zyň aja­ýyp we­ki­li bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­nyň ga­za­nan ýeň­şi­ne gu­wan­ma­ga do­ly hak­ly­dy­rys. Bu ýe­ňiş bi­ziň bü­tin hal­ky­my­zyň örän uly üs­tün­li­gi­dir. Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­li­li­gi­niň aý­dyň tas­syk­lan­ma­gy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men hal­ky deň­siz-taý­syz mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry dö­re­dip­dir. Har­by we ra­ýat eder­men­li­gi­niň aja­ýyp nus­ga­la­ry­ny dün­ýä be­rip­dir. Mert­li­ge, päk ýü­rek­li­li­ge, ulu­la­ra hor­mat goý­ma­ga, maş­ga­la oja­gy­nyň mu­kad­des­li­gi­ne we ýo­ka­ry ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan ýö­rel­ge­le­ri ke­ma­la ge­ti­rip­dir.
Türk­men­ler ägirt gi­ňiş­lik­le­re ýaý­ran, dün­ýä ta­ry­hy­na hem-de adam­za­dyň me­de­ni ösü­şi­ne uly tä­sir eden güýç­li döw­let­le­ri dö­re­dip­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak bu ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar tä­ze­çe esas­da di­kel­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aras­sa sport bäs­le­şi­gi­niň asyr­larbo­ýy do­wam eden däp­le­ri­ni di­kelt­mek we giň­den wa­gyz et­mek bi­ziň örän baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy ös­dür­me­giň mö­hüm ug­ru­dy­gy­ny we onuň bin­ýat­lyk esas­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di.
Ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk we ha­ýyr iş­ler bi­len saz­laş­ýan be­den sag­ly­gy ýa­ly hä­si­ýet­le­re bi­ziň hal­ky­myz he­mi­şe be­lent sar­pa go­ýup­dyr. Bu hä­si­ýet­ler kyn pur­sat­lar­da ar-na­my­sy go­ra­ma­ga, mil­li aň-dü­şün­jä­mi­zi we be­lent mak­sat­la­ry go­rap sak­la­ma­ga ýar­dam be­rip­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Şo­ňa gö­rä-de, döw­le­ti­miz mun­dan beý­läk hem be­den­ter­bi­ýä we spor­ta ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hök­mün­de uly üns be­rer. Sport üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny, usu­ly­ýe­ti­ni ös­dür­mek, tä­lim­çi­le­ri, ha­ly­pa­la­ry we hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin ze­rur se­riş­de­le­ri goý­be­rer. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bu iş­le­ri, özü­mi­ziň ga­zan­ýan ne­ti­je­le­ri­mi­ze we iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak bi­len, hä­zir­ki za­man yl­my esa­syn­da ama­la aşy­ra­rys.

«Aras­sa gö­reş­de ga­za­ny­lan ýe­ňiş şat­lyk ge­tir­ýär»
Biz­de «Aras­sa gö­reş­de ga­za­ny­lan ýe­ňiş şat­lyk ge­tir­ýär» di­ýen pä­him bar. Türk­men hal­ky­nyň iň oňat däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ter­bi­ýe­le­nen tür­gen­le­ri­miz bol­sa, he­mi­şe di­ňe aras­sa ýa­ry­şyp, ha­lal ýe­ňiş ga­zan­ýar­lar. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, hor­mat­ly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­ta­na şan-şöh­rat ge­tir­ýän hem-de dün­ýä spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ýan ýe­ne-de köp san­ly çem­pi­on­la­ryň ýe­tiş­jek­di­gi­ne berk ynan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­ny Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ga­za­nan deň­siz-taý­syz aja­ýyp üs­tün­li­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň mun­dan beý­läk hem hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da be­lent­de par­la­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa 2018-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da my­na­syp bo­lan al­tyn me­da­ly­ny gow­şur­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar, onuň be­lent owa­zy as­tyn­da Wa­ta­ny­my­zyň Döw­let baý­da­gy ýo­ka­ry gal­dy­ryl­ýar.

IWF-niň ýol­baş­çy­la­ry san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly çy­kyş et­di
Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti dok­tor Maýkl Ira­nä söz be­ril­di. Ol san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­len­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Türk­me­nis­tan­da spor­tuň dür­li ugur­la­ry­nyň, şol san­da agyr at­le­ti­ka­nyň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy türk­men tür­gen­le­ri­ne hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Je­nap Maýkl Ira­ni­niň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň spor­ty ös­dür­mek sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nyp, dür­li baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ýar. 2018-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da türk­men tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­nyň je­mi 179 ki­log­ram ag­ra­my gö­te­rip, şeý­le hem ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­läp, al­tyn me­dal­la­ra my­na­syp bol­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň agyr at­le­ti­ka spor­tu­ny ös­dür­mek ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­sy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lup dur­ýar di­ýip, myh­man sö­zü­ni do­wam et­di.
Bu ýeň­şiň türk­men hal­ky üçin hem buý­sanç­ly wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­läp, IWF-niň pre­zi­den­ti wa­tan­da­şy­my­zyň dün­ýä­niň çem­pio­ny diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag söz­le­ri­ni aýt­dy.
Aş­ga­bat­da türk­men tür­ge­ni­niň my­na­syp bo­lan me­da­ly­ny gow­şu­ryş da­ba­ra­sy­nyň gur­nal­ýan­dy­gy we oňa wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly gat­naş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, je­nap Maýkl Ira­ni döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za agyr at­le­ti­ka spor­tu­ny ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan işin­de, türk­men tür­gen­le­ri­ne bol­sa hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Soň­ra Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi, Azi­ýa­nyň agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­rin­ji wi­se-pre­zi­den­ti Mo­ham­med Ja­lud san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly çy­kyş et­di.
Je­nap Mo­ham­med Ja­lud şeý­le da­ba­ra­nyň gu­ra­lan­dy­gy we oňa wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­niň dö­re­di­len­di­gi üçin onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne sag­bol­sun aýt­dy we spor­tuň bu gör­nü­şi­niň ne­ti­je­li ös­me­gi ba­bat­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry üçin döw­let Baştutanymyza ho­şal­lyk bil­dir­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sport he­re­ke­ti­niň ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň de­giş­li de­re­je­de ber­jaý edil­män­di­gi üçin, 2018-nji ýyl­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 45 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­dal ga­za­nan tür­gen bu me­dal­dan mah­rum edil­di. Şeý­le­lik­de, türk­men tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa iki al­tyn me­da­lyň eýe­si bol­dy we dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da spor­tuň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen­di­gi­ni äş­gär et­di.
Je­nap Mo­ham­med Ja­lud pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­ny dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň ýo­ka­ry baý­ra­gy bi­len gut­la­dy. Şeý­le hem ol Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­tan-pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da bu baý­ra­gyň 2021-nji ýy­lyň şy­ga­ry­ny tas­syk­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ata Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar
Mil­li Li­de­ri­miz jem­leý­ji söz bi­len çy­kyş edip, bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň ga­za­nan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­niň ata Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak ha­ky­ky mil­li gym­mat­lyk­dy­gy­ny bel­le­di. Olar şol bir wagt­da öz yk­ba­ly­ny spor­ta bag­la­jak müň­ler­çe ýi­git­ler we gyz­lar üçin hem gö­rel­de bo­lup dur­ýar. Kal­by­myz­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za çäk­siz buý­sanç dö­red­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän, ynam­ly öňe bar­ýan kuw­wat­ly döw­let­dir. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl Baý­da­gy dün­ýä de­re­je­li sport des­ga­la­ryn­da al-as­ma­na gal­dy­ry­lan­da, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry bo­lan biz, ni­re­de bol­sa­gam, özü­mi­zi gü­neş­li ýur­du­my­za şan-şöh­rat hem-de at-ab­raý ge­tir­ýän bi­te­wi, je­bis maş­ga­la­nyň ag­za­la­ry hök­mün­de duý­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Ha­ky­ky çem­pi­on­lar päs­gel­çi­lik­le­re hem-de kyn­çy­lyk­la­ra höt­de ge­lip, is­len­dik şert­ler­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy ba­şar­ýar. Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa hem hut şeý­le ýeň­şi ga­zan­dy. Men se­ni my­na­syp bo­lan ýo­ka­ry sy­la­gyň bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Äh­li tür­gen­le­re we ola­ryň ha­ly­pa­la­ry­na bol­sa ýe­ňiş ug­run­da eden ta­gal­la­la­ry hem-de erk-is­le­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti dok­tor Maýkl Ira­nä dün­ýä­de agyr at­le­ti­ka­ny ös­dür­mä­ge goş­ýan şah­sy go­şan­dy we sport­da ada­lat­ly sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem baş sek­re­tar Mo­ham­med Ja­lu­da şu da­ba­ra­ly çä­rä gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ady­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.
Da­ba­ra­ly çä­rä­niň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ra­ýat­la­ry­my­zyň iň uly gym­mat­lyk bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan ýa­kyn hem-de uzak gel­je­ge gö­nük­di­ri­len, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­me­gi hem-de wa­gyz et­me­gi mak­sat edi­nip, üs­tün­lik­li öňe git­me­giň oňyn gö­rel­de­si­ni gör­kez­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem­me­le­re şu da­ba­ra­ly çä­rä gat­na­şan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu ýer­den ug­ra­dy.