BMW kompaniýasy Hytaýdaky söwdasyny ýokarlandyrdy. Geçen ýyl nemes brendiniň bu ýurtdaky awtoulag söwdasy 7,4 göterim artdy. Kompaniýa hytaýly müşderilerine 777 müň 379 sany BMW hem-de «Mini» kysymly ulaglaryny satdy. Şeýlelikde, geçen ýyl dünýäde satylan 2,3 million BMW ulaglarynyň üçden biri hytaýly müşderilere ýetirildi.
«Volkswagen» kompaniýasy 2030-njy ýylda dünýäde iň köp elektroulag satan kompaniýanyň birine öwrüler. Kompaniýa bu ugurda birinjiligi eýelemegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň öndürýän ulaglarynyň 70 göterimi elektrik energiýasy bilen işläp, elektroulag satuwynda «Tesla»-dan öňe geçmegi maksat edinýär.
Nurjemal MEREDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.