Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz tä­ze pu­dak­la­ry dö­ret­mek, se­na­gat­da we dur­muş-me­de­ni ul­gam­da öz­bo­luş­ly des­ga­la­ryň köp san­ly­sy­ny gur­mak bi­len, öz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni üs­tün­lik­li ös­dür­ýär. Dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş bi­len bir ha­tar­da or­ta möh­let­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň iň mö­hüm mil­li stra­te­gik ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di. Bu hem gel­jek­de ka­da­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly­ly­gy­ny, şeý­le hem uzak möh­let­le­ýin esas­da döw­le­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi­ni üp­jün eder.
Ýur­du­my­zyň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te iş­jeň geç­me­gi «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len san­ly ýo­ka­ry teh­no­lo­gik we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň we ula­nyl­ma­gy­nyň ha­sa­by­na ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly­laş­dyr­ma işi üçin de­giş­li teh­no­lo­gik baş­lan­gyç­la­ry­ny üp­jün ed­ýän hä­zir­ki za­man, yg­ty­bar­ly IT inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da ýur­du­my­zyň äh­li döw­let eda­ra­la­ry­nyň öňün­de ägirt uly we­zi­pe­le­ri goý­dy. Çün­ki, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te tap­gyr­la­ýyn geç­mek döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şul­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.
Şu gün­ki gün­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­rin­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gel­jek­ki ösü­şi san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ne bag­ly bol­jak­dy­gy se­bäp­li san­ly­laş­dyr­ma­gyň ösü­şi­ne uly üns be­ril­ýär. Bäs­deş­lik, in­nowa­si­ýa we iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek – bu­la­ryň hem­me­si hä­zir­ki za­man mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy bi­len şert­len­di­ril­ýär. Şol se­bäp­li bi­ziň ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nen we­zi­pe­ler­den ugur alyp, se­na­ga­tyň teh­no­lo­gik döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä ýü­zün­de eme­le gel­ýän kä­bir yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy ýag­daý­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne bel­li bir tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da dur­nuk­ly ösüş dep­gin­le­ri sak­la­nyp ga­lyn­ýar. Mu­ny şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aýyn­da­ky mak­ro­gör­kezi­ji­ler hem do­ly su­but ed­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de je­mi içer­ki önü­miň gör­ke­zi­ji­si ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 5,9 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da­ky ösüş dep­gi­ni 3,1 gö­te­rim de­re­je­de sak­lan­ýar. Bu gör­ke­zi­ji söw­da­da 12,8, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 4,7 gö­te­rim bol­dy. Häzirki wagtda ýur­du­my­zda umu­my ba­ha­sy 38 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan dür­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ola­ryň umu­my ba­ha­sy 18 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk-gur­na­ma gu­ra­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi türk­men gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem dün­ýä tej­ri­be­sin­den yz­da gal­ma­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ösü­şin­de hu­su­sy pu­da­ga hem uly orun de­giş­li­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, te­le­ke­çi­lik işi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä yk­dy­sa­dy ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gy­na hem-de işiň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­na geç­mä­ge ýar­dam et­me­li­dir. Şo­nuň üçin döw­le­ti­miz hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi iş­jeň gol­da­ýar. Hu­su­san-da, te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň oba­se­na­gat top­lu­my, sy­ýa­hat­çy­lyk, söw­da, dok­ma we azyk se­na­ga­ty, ulag, hyz­mat­lar we gur­lu­şyk se­na­ga­ty ýa­ly ugur­la­ryn­da iş­jeň iş alyp bar­ma­gy ug­run­da giň ta­gal­la­lar edil­ýär.
Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ösü­şin­de, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti iş­jeň­leş­dir­mek­de göz öňün­de tu­tu­lan be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ka­bul eden bu mö­hüm çöz­güt­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ýur­du­my­zyň äh­li ba­bat­da saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­lar ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let­li iş­le­ri ro­waç, ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Ýaz­gül AN­NA­MY­RA­DO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.