Saz ja­dy­ly sun­gat. Her hal­kyň özü­ne mah­sus saz me­de­ni­ýe­ti şol halkyň ta­ry­hy­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny gör­kez­ýär. Sa­zyň dö­re­me­gin­de hal­kyň ýa­şa­ýan ge­og­ra­fik gi­ňiş­li­gi­niň hem tä­si­ri bol­ýar. Me­de­ni­ýe­tiň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň art­ma­gy saz sun­ga­ty­na hem öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Saza «ru­huň iý­mi­ti» hem diýil­ýär. Se­bä­bi saz ada­myň ru­hu­na tä­sir ed­ýär. Sa­z näsag adamlary be­jer­mek­de hem peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le hem saz di­ňe aý­dym aý­dy­lan­da däl, eý­sem, film­ler­de, mult­film­ler­de we ma­ha­bat­lar­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Hä­zi­re çen­li saz ba­ra­da dür­li yl­my bar­lag­lar ge­çi­ril­di. 1993-nji ýyl­da fran­suz aly­my Alf­red To­ma­ti­siň ge­çi­ren bar­la­gy «Na­tu­re» žur­na­lyn­da «Mo­sart tä­si­ri» at­ly adal­ga­ny or­ta at­ýar. Bu yl­my iş­de nus­ga­wy sa­zyň beý­nä tä­si­ri jik­me-jik öw­re­ni­lip­dir. Sa­zan­da Don Kemp­bell «Mo­sart tä­si­ri­ni» has iç­gin öw­ren­ýär we sa­zyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň sag­ly­ga, aňa we pi­kir­len­mä­ge oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da saz bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň we saz öw­re­nen ça­ga­la­ryň gel­jek­de üs­tün­lik ga­zan­ýan­dyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len bar­lag­lara görä, saz diň­le­mek we saz gu­ra­ly­ny çal­mak okuw­çy­la­ryň ders­le­rin­de üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry­na tä­sir ed­ýär. Bu ne­ti­jä­niň äh­li saz gu­ral­la­ry­na de­giş­li­di­gi bel­le­nil­di. Sa­zyň, esa­san, duý­ga we köp­çü­lik­le­ýin gat­na­şyk­la­ra tä­sir ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ça­ga­la­ryň aý­dym-saz ders­le­ri­ne gat­naş­ma­gy ola­ryň ag­zy­bir­lik duý­gu­sy­ny terbiýeleýär. Us­sat sa­zan­da ta­ra­pyn­dan sa­pak be­ril­me­gi bolsa bu tä­si­ri has-da art­dyr­ýar.

Je­mal Ha­ýy­do­wa,
Aş­ga­bat şä­her Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň
Gök­je me­de­ni­ýet öýü­niň ak­kom­po­nia­to­ry.