Dünýä belli “Christie’s” auksion öýünde tutuşlygyna sanly (digital) ýagdaýda taýýarlanan önüm bolan sungat eseri satyldy. Doly ady Maýk Winkelman bolan we Beeple ady bilen tanalýan sungat işgäriniň döreden bu eseri üçin 69,4 million dollar tölenildi. JPG görnüşde satylan sanly eserleriň arasynda iň köp pul tölenen eser boldy. Beeple “Everydays: The First 5,000 Days” atly bu eserini 2007-nji ýylyň maýynda döredip başlaýar. Ol 13 ýylyň dowamynda Beeple-niň her gün sanly ulgamda döreden şekillerinden emele gelen eserdir. kripto pullaryň goragyny üpjün edýän “blokchain” tehnologiýasy bilen kiber hüjümlerden goralýan eseri satyn alanyň ady belli edilmedi. Şeýle-de, bu eser üçin tölenen töleg kripto pul esasynda tölenildi