Gündogar Germaniýanyň Lusatiýa sebitindäki Klettwiç şäherçesinde Eýfel diňinden hem beýik – 365 metr bolan dünýäde iň belent ýel turbinasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Öňler kömür känleri bolan we tebigata zeper ýetirlen bu sebitde häzirki wagtda klimat çökgünligine garşy arassa energiýa çeşmelerine geçmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.
GICON kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýohen Grosmanyň bellemegine görä, ýeriň ýüzünden näçe ýokary çykylsa, ýel şonça-da güýçli hem durnukly bolýar. Beýikligi, takmynan, 160 metrden hem geçýän bu desgalar adaty turbinalara garanyňda, iki esse köp energiýa öndürmäge ukyplydyr. Kompaniýa geljekde ýel parklaryny «iki gatly» ulgama geçirmegi we şol bir meýdanda energiýa öndürijiligi üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär.
Şu ýylyň güýzünde işe girizilmegi meýilleşdirilýän bu taslama laýyklykda, GICON 2030-njy ýyllaryň başyna çenli 100 sany beýik ýel turbinasyny, soňra bolsa olaryň sanyny 1000-e ýetirmegi maksat edinýär. Diňe bir Germaniýada däl, eýsem, Afrikada we Aziýada hem uly gyzyklanma döredýän bu täzeçil tehnologiýa halkara derejede ägirt uly potensiala eýedir.
PDF








