Aýdym-saz sungatynyň ýaýbaňlanmagyna goşant goşan kassetanyň oýlap tapyjysy niderland Lou Ottens aradan çykdy. Merkezi edarasy Amsterdamda ýerleşýän “NRC Handelsblad” mediýa kompaniýasy Ottensiň 94 ýaşynyň içinde dünýeden ötendigini mälim etdi. Ottens öz wagtynda aýdym-saz diňlemek üçin ulanylýan plastinkalaryň hereket edýän wagty ýüze çykýan näsazlygy aňyp, kassetany we kassetapleýeri (magnitafon) oýlap tapýar. Ottens oýlap tapyşyny “Philips” kompaniýasynyň garamagynda durmuşa geçirýär. 1960-njy ýyllarda bu işe girişen Ottens kassetanyň ululygyny jübä sygar ýaly ölçegde göz öňünde tutýar. Bu açyş aýdym-saz dünýäsini düýpgöter özgerdip, global bazarda 100 milliarddan gowrak satylýar. 2016-njy ýylda taýýarlanan dokumental filmde Ottens “Bu açyşyň uly üstünlik getirjekdigini bilýärdim, emma öwrülişik döretjekdigini çaklamandyk” diýip belleýär.

1970-nji ýyllardan 1990-njy ýyllaryň ahyryna çenli giňden ulanylan kassetalar we magnitafonlar CD-leriň peýda bolmagy bilen ýuwaş-ýuwaşdan azalýar. Esasan hem, “Sony”-niň işläp taýýarlan jübä sygýan kiçijik magnitafony bolan “Walkman”-leriň peýda bolmagy, awtoulaglar üçin magnitafonaryň öndürilmegi kassetalaryň satuwyny görnetin artdyrýar. Ottens 1982-nji ýylda ilkinji CD pleýerini hem tanyşdyrýar. Şol döwürde Ottens adaty magnitafonlaryň mundan soňra ulanylmajakdygyny belleýär.