Täze geçirilen ylmy barlaglar dünýäde ekiz çagalaryň sanynyň artýandygy ýüze çykardy. Ylmy işiň çäklerinde 165 ýurtda 2010-2015-nji ýyllar aralygynda dünýä inen ekiz çagalaryň sany deňeşdirildi. “Human Reproduction” atly žurnalda ýaýradylan makalada ekiz çagalaryň sany 80-nji ýyllardakydan 30 göterim artypdyr. Geçirilen barlagda ekiz çagalaryň sany 1000-den 9-dan 1000-den 12-ä ýetipdir. Bu artyş Ýewropada we Demirgazyk Amerikada has köp bolupdyr. Afrikada artyş hasaba alynmadyk hem bolsa, ekiz çaga dogrulyşynyň ozaldan hem köpdügi mälim edildi. Häzirki wagtda dünýäde dogulýan ekiz çagalaryň 80 göterimi Aziýada we Afrikada hasaba alynýar. Oksford uniwersitetiniň ylmy işgäri, professor Kristian Monden Afrikada ekiz çagalaryň has köp dogulmagynyň genetika bilen bagly bolup biljekdigine ünsi çekýär. Ylmy barlagda 1970-nji ýyllardan bäri lukmançylykda gazanylan üstünlikler ekiz, üçem we has köp çaganyň dogulmagyna mümkinçilik döredipdir.