Bu ýyl Ýa­po­ni­ýa­da sa­ku­ra agajy­nyň ozalky ýyllardakydan has ir gülländigi ha­bar be­ril­di. Adat­ça, bu agaçlaryň gülleri martyň ahy­ry­na çen­li do­ly açyl­ýar. Gül­läp bark ur­ma­nyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si ap­rel aýy­nyň ba­şyn­da bo­lup, ýur­duň äh­li se­ýil­gäh­le­ri gül­gü­ne beg­re­se bü­ren­ýär. Gül­le­ýiş adat­ça, 10 gün­läp do­wam ed­ýär. Sa­ku­ra, köp­le­riň pi­kir edi­şi ýa­ly, ül­je däl­dir. Bu ösüm­lik ýa­ba­ny ga­ra­ly aga­jy­nyň bir gör­nü­şi­dir.
Ýa­pon­lar we daşary ýurtly syýahatçylar bu aga­jy ga­ty go­wy gör­ýär­ler we oňa aý­ra­tyn ideg ed­ýär­ler. Sa­ku­ra ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýa­pon şa­hyr­la­ry­ny yl­ham çeş­me­si bo­lup­dyr. Ge­çen ýyl hem sa­ku­ra­nyň mart aýyn­da gun­ça­lan­dy­gy ha­bar ber­lip­di. Sa­ku­ra gü­lü­niň il­kin­ji gun­ça­la­ma­sy­nyň wag­ty 1953-nji ýyl­dan bä­ri ha­sa­ba alyn­ýar. Adat­ça, bu aga­jyň gül­le­ýän döw­rün­de köp­ler wagt­la­ry­ny oňat ge­çir­mek üçin sa­ku­ra se­ýil­gä­hin­de ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Sa­ku­ra­nyň gül­le­ýän döw­ri sa­ku­ra se­ýil­gäh­le­ri­ne ge­ze­lenç­le­riň wag­ty ha­sap­lan­ýar. Sa­ku­ra ag­şam ça­gy to­ma­şa et­mek has-da lez­zet­li. Çün­ki se­ýil­gäh­ler gül­gü­ne reňk­li bu agaç­la­ry has-da gö­zel­leş­dir­ýän yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­ýar.