ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, ýurduň ykdysadyýetini durnuklaşdyrmak maksady bilen Kongres tarapyndan tassyklanan 1,9 trillion dollarlyk täze çäreler toplumyna gol çekdi.
– Bu Kongres tarapyndan tassyklanan taryhy başlangyç bolup, ýurduň esasy ykdysady kuwwatyny dikeltmegi maksat edinýär hem-de ýurduň halkyna, zähmetkeşlerine, orta gatlagyň wekillerine, bu ýurdy guranlara gowy mümkinçilik döredýär – diýip Jozef Baýden aýtdy.
Amerikaly kanun çykaryjylar tarapyndan makullanan bu başlangyç Baýdeniň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin teklip eden meýilnamasyna esaslanýar. Çäreler toplumy pandemiýa garşy göreşmek üçin takmynan, 400 milliard dollar bölünip berilmegini göz öňünde tutýar. Takmynan, 1 trillion dollar ýurduň halkyna, galan bölegi ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak üçin kömek bermäge gönükdiriler.