Du­baý­da 25-nji mart 17-nji ap­rel ara­ly­gyn­da gu­ral­jak «Du­bai Fo­od Fes­tival» şü­we­le­ňi ýur­duň köp­ta­rap­ly aş­pez­lik me­de­ni­ýe­ti­ni ýü­ze çy­ka­rar. Bu ba­ra­da Du­ba­ýyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we mar­ke­ting bö­lü­mi ha­bar ber­di. Emir­lik şu ýyl se­ki­zin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän şü­we­leň­de dün­ýä aş­ha­na­sy­nyň tä­ze iý­mit önüm­le­ri we ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş bol­ma­ga, şeý­le-de BAE-de däp bo­lup gel­ýän ta­gam­la­ry­ny da­dyp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy bir­nä­çe ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Bu ýyl­ky şü­we­le­ňiň mak­sat­na­ma­sy ýur­duň aş­pez­lik me­de­ni­ýe­ti­niň dür­li ugur­la­ry­nyň tö­we­re­gin­de jem­le­nip, dün­ýä­niň dür­li mil­let­le­ri­niň ta­gam­la­ry­ny, öý aş­ha­na­sy­nyň ta­gam­la­ry­ny, de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk res­to­ran na­har­la­ry­ny hö­dür­lär. Du­baý­da ge­çi­ril­jek azyk şü­we­le­ňi­niň äh­li ugur­la­ryn­da howp­suz­lyk çä­re­le­ri göz öňün­de tu­tu­lar.
Du­ba­ýyň azyk şü­we­le­ňi emir­li­giň iň oňat gast­ro­no­mi­ki üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän aş­pez­lik çä­re­si­dir. Şü­we­le­ňiň mak­sat­na­ma­sy azyk çä­re­le­ri­ni, ýö­ri­te ma­ha­bat­la­ry, bäs­le­şik­le­ri, şeý­le hem meş­hur aş­pez­le­riň we gast­ro­no­mi­ýa bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň çy­kyş­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Bu çä­rä­niň esa­sy mak­sa­dy, Du­ba­ýyň aş­pez­lik sun­ga­ty­nyň dür­lü­li­gi­ni, dö­re­di­ji­li­gi­ni we köp ugur­lu­ly­gy­ny gör­kez­mek­den yba­rat­dyr.