Elektroulag bazary ösýär. Elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy ABŞ-dan öňde durýar. Bu görnüşli senagat önümleriniň satuwy 264% ýokarlandan soň öňegidişlik gazanyldy. Geçen ýyl ABŞ 322 müň elektroulagy, Germaniýa bolsa, 395 müň elektroulagy satdy. HHR elektroulag bazarynda öňdebaryjy ýurt bolmagynda galýar. Tutuş dünýäde 38 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýyl satylan elektrik awtoulaglarynyň umumy sany 3,18 milliona deň boldy.
Kobi Braýantyň kartoçkasy. Geçen ýyl dikuçar heläkçiliginde aradan çykan basketbolçy Kobi Braýantyň şekili bolan kartoçka, «Goldin» auksionynda rekord derejedäki bahadan satyldy. Bu kartoçka «Topps» kompaniýasy tarapyndan çykarylyp, diňe ikisi abat ýagdaýda saklanyp galypdyr. Kart 1 million 795 müň 800 dollara satyldy. Karty satyn alanyň şahsyýeti mälim edilmeýär. Braýant «Los Anjeles Leýkers» milli basketbol birleşiginiň (NBA) bäş gezek çempiony bolup, möwsümiň we NBA-nyň finalynyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde ykrar edildi.
Ýewropanyň täze taslamasy. Basym Ýewropa Komissiýasy elektronik «pasport» – pandemiýa garşy sanjym şahadatnamasyny hödürlär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň sözlerine görä, resminama diňe elektron görnüşinde elýeterli bolar. Ol sanjymlar we beýleki ýagdaýlar baradaky maglumatlary öz içine alar. Şeýle şahadatnamalaryň Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda ornaşdyrylmagy tomusky dynç alyş möwsümini ýönekeýleşdirmäge we tertipleşdirmäge kömek etjek möhüm faktor hökmünde görülýär.
Ilon Mask öňde barýar. «Tesla»-nyň başlygy Ilon Maskyň baýlygy bir günde 25 milliard dollar artdy. Bu böküşiň netijesinde, dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezosdan ozdurdy. Bu barada «Bloomberg Billionaires Index» maglumatlarynda mälim edilýär. Bezosyň maýasy 180 milliard dollar, Maskyňky bolsa 174 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Mask «Tesla» paýnamalarynyň birden ýokarlanmagy sebäpli reýtingiň liderine mümkin boldugyça ýakynlaşmagy başardy. Awtoulag ägirdi Hytaýda satuwlaryň köpelendigi baradaky habarlardan soň şeýle görkezijileri mälim etdi.