Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Azerbaýjanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan onlaýn-konsert guradylar. Oňa Bakuwyň Uzeir Gajibekow adyndaky saz akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Konsert türkmen sazandalarynyň Gara Garaýewiň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň eserlerini ýerine ýetirmegi bilen açyldy. Wokal hünärinden 4-nji ýyl talyby Aziza Agamyradowa Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasyny ussatlarça aýtdy.
Bakuwyň saz akademiýasynyň magistraturasynyň 2-nji ýyl talyby, halkara bäsleşikleriniň laureaty Medine Agaýewa ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň «Balladasyny» çeper tilsimlerde çaldy. Pianinoçy gyz saz leksikasynyň baý röwüşlerini, Halmämmedowa mahsus ekspressýany, ajaýyp sazy çeper usulda ýerine ýetirdi.
Türkmen we azerbaýjan sazandalaryny hem diňleýjilerini birleşdiren döredijilik wideoköprüsi iki dostlukly ýurduň saz sungatynyň taryhyny we häzirki zaman ösüşiniň ugurlaryny, onuň özboluşly däplerini saklap galmak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleri çeper saz dilinde beýan etmäge mümkinçilik berdi.