Döwrebap zenanlaryň milli lybaslaryny hödürleýän “Gül Hanym” milli lybaslar öýünde tikilen ajaýyp, gözel egin-eşikleriň dürli görnüşlerine islegler barha artýar, onuň milli lybaslar toplumy gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. 2021-nji ýylda esaslandyrylan bu milli lybaslar öýünde ezber elli tikinçileriň 20-ä golaýy türkmen köýnekleriniň, dürli sahna egin-eşikleriniň, milli toý lybaslarynyň dürli nusgalar bilen ýokary derejede taýýarlaýarlar.
“Gül Hanym” milli lybaslar öýünde dürli matalaryň ýüzüne uly göwrümli nagyşlary: altyn öwüşginli sapakdan nagyşlar uly ölçegli tor nagyşlary, ýaldyraýan gaşlary salýarlar. Tikinçiler milli el tahýalarymyzy, el ýakalarymyzy, dürli görnüşli elde dokalan el torbalaryny taýýarlaýarlar, her bir nusganyň üstünde aýratyn işleýärler. Lybaslaryň tikin, biçim, bezeg işlerini maslahatlaşyp ýerine ýetirýärler. Olar täze-täze ülňüleri oýlap tapýarlar.
Milli lybaslar öýi häzirki wagtda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryny, şeýle-de sergilere hem gatnaşyp, türkmen milli lybaslaryny daşary ýurtlara hem çykarmagy, tanatmagy meýilleşdirýärler.
Geljekde “Gül Hanym” milli lybaslar öýi işleriň gerimini giňeldip, tikin we çyzuw işlerine ýörite höwesjeň ýaşlary giňden çekmegi maksat edinýär.