Dünýä hojalygynda aýratyn türkmen nusgasy diýip at alan Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde uly üstünliklere eýe bolýar. Ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri biziň her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar.
Mälim bolşy ýaly, 17-18-nji martda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda sergi geçirilýär. Bu sergä ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň 200-e golaýy öz önümleri bilen gatnaşdylar. Biz hem bu sergide öz önümleri bilen çykyş eden hususy kärhanalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Paýtagtymyzyň iri söwda merkezleriniň köpüsinde biz “Halk market” ýazga duş gelýäris. Bu hususy kärhananyň haçan esaslandyrylandygy bilen gyzyklananymyzda onuň hünärmeni bize şeýle gürrüň berdi:
– “Halk marketiň” taryhyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” atly söwda merkeziniň taryhy bilen baglanyşdyrsak has ýerlikli bolar. Biz, esasan, ýerli telekeçilerimizden “Balam” konditer önümleri kärhanasy we “Balhan” doňdurylan önümler kärhanasy bilen işleşýäris. Biziň söwda nokatlarymyzda ýerleşdirilen harytlaryň 50 göterimden gowragyny daşary ýurtlardan getirilen harytlar düzýär. Häzirki wagtda biziň paýtagtymyz Aşgabatda 6 nokatda, şeýle-de Lebap welaýatynda we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde bölümlerimiz hereket edýär. Geljekde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda öz söwda nokatlarymyzy açmagy meýilleşdirýäris.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda gurnalan sergä gatnaşan ýene bir hususy kärhana “Balam” konditer önümleri kärhanasydyr. Bu kärhana 2016-njy ýylyň noýabr aýynda esaslandyryldy. Ilkibaşda önümçilik işine tortuň 5 sany görnüşini öndürmek bilen girişen “Balam” häzirki wagtda önümçiligini iki ugur boýunça gatlakly we konditer önümleri görnüşinde alnyp barylýar. Häzirki wagtda hususy kärhanada konditer önümleriniň 140-a golaý, gatlakly önümleriň 80-e golaý görnüşi öndürilýär. Hususy kärhananyň ýolbaşçysy kärhananyň geljekde hem halkyň göwnünden turýan harytlarynyň sanyny giňeltjekdigini belledi. Şeýle-de “Balamyň” geçginli harytlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ak bazarlaryny bezeýär.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.