Ýer ýüzünde janly-jandarlaryň müňlerçe görnüşi bar. Olaryň köpüsi bize tanyş hem bolsa, örän seýrek duş gelýänleri hem az däl. Olaryň köpüsini diňe telewizorlarda görýäris. Ösen tehnologiýa olary içgin öwrenmäge mümkinçilik döredýän hem bolsa, adam aýagy sekmedik tokaýlarda ýaşaýan jandarlar barada öwrenilmeli zatlar entek az däl. Şeýle hem ummanlaryň teýindäki haýwanat dünýäsi täsinligi bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli olar barada has köp gyzyklanylýar. Käbir jandarlaryň bardygy bolsa, ýaňy-ýakynda anyklandy. Jandarlar, esasan, üç topara bölünýär – guşlar, gury ýerde ýaşaýanlar we suwda ýaşaýanlar. Üýtgeşik jandarlaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi müwessa bildik.
Gyzyl dodakly balyk (Ogcocephalus darwini): bu üýtgeşik jandaryň dodagy edil adamyňka meňzeýär. Daşky şekili bolsa, ýarganaty ýada salýar. Boýy 40 sm bolýan suw jandarlary Ýuwaş ummanyndaky Galapagos adalaryň töwereginde, suwuň 30 metr çuňlugynda ýaşaýar. Olar suwda ýüzýän hem bolsalar, köplenç suwuň aşagynda “ýöreýärler”. Olaryň arkasyndaky tikenler awlaryny tutmaga ýardam edýär.
Paku balygy (“Colossoma macropomum”): agaçlardan gaçýan miweler we tohumlar bilen iýmitlenýän paku balygy şol birwagtyň özünde et bilen hem iýmitlenýär. Onuň dişleri edil adamyň dişi ýaly bolýar. Uzynlygy 50 sm bolýan balyklary akwariumda hem saklaýarlar.
Gök toty balygy (“Blue Parrotfish”): hamana multfilmdäki ýaly ýaldyrawuk gök reňkli balyk günbatar Atlas ummanynda ýaşaýar. Olaryň boýy 90 sm-e çenli bolýar. Olar gündizine ot bilen iýmitlenýärler. Gijesine bolsa, olaryň bedeninden bölünip çykýan mäz onuň daş-töweregini gurşap alýar we uklamagyna ýardam edýär. Onuň erbet ysy bolup, duşmanlaryndan goramaga ýardam edýär.
Deňiz jojugy (The Sea Pig): bu jandar 2008-nji ýylda suwasty barlaglar geçirilýärkä tapylypdyr. Olaryň boýy 2 metr 70 sm, agramy 250-300 kg-a çenli bolýar. Antartika ummanynyň çuňluklarynda ýaşaýan bu jandar daşky şekiliniň üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Gündogar Afrikanyň, Hindi ummanynyň, Gyzyl deňziň, Awstraliýanyň günortasynyň çuňluklarynda hem bu jandara gabat gelinýär.
Panda garynjasy (“Panda ant”): owadanlygy bilen tapawutlanýan pandalary tanamaýan ýokdur. Daşy ala-mula garynjalar hem pandany ýatladýar. Olaryň daşynyň ýaldyrawuk bolmagy duşmanlaryny gorkuzýar.
Tikenli aždarha (Thorny Dragon): oňa başgaça Molok hem diýilýär. Onuň daşky görnüşi ertekilerdäki hyýaly jandarlary ýada salýar. Onuň bedeni tikenlidigine garamazdan, adama hiç hili zyýan ýetirmeýär. Çöllük ýerlerde ýaşaýan bu haýwanyň tikenleriniň üstüne düşen çyg olaryň suwsuzlygyny gandyrýar. Olar duşmanlaryndan goranmak üçin reňklerini üýtgedýärler. Ady aždarha hem bolsa, olaryň uzynlygy bary-ýogy 15 sm-e ýetýär.
Aý-aý maýmyny (“Aye-Aye”): guýrugyny hasaba almasaň, olaryň boýy 30-37 sm bolýar. Bu eýjejik jandarlar diňe Madagaskar adasynda ýaşaýar we diýseň seýrek duş gelýär. Gijesine aw edýän maýmynlaryň guýrugy belkanyňka meňzeýär.
Sfenks güýesi (Sfenks Hummingbird): gülleriň nektarlary bilen iýmitlenýän bu möjejikler kolibri guşuna meňzeýär. Olaryň inçejik, uzyn holtumy beýleki mör-möjekleriň sorup bilmedik şiresini almaga ýardam edýär.
Kittiniň ýarganady (“Craseonycteris thonglongyai”): süýdemdirijiler maşgalasynyň iň kiçi agzasy hasaplanýan jandaryň boýy 40 millimetre barabardyr. Olaryň ulusynyň agramy bary-ýogy 2 gram bolýar. Tailandda we Mýanmada gabat gelýär.