Ýaz pas­ly ge­lip ýet­di. Ba­sym bag­lar­da tä­ze mi­we­ler peý­da bo­lar. Mi­we­le­riň reň­ki, ta­ga­my, ulu­ly­gy, biş­ýän wag­ty we ýe­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýüz­ler­çe gör­nü­şi bar. Mi­we­le­riň kä­bi­ri ba­har pas­lyn­da ýe­tiş­ýän bol­sa, kä­si tom­su­na, güý­zü­ne, hat­da gy­şy­na ha­syl ber­ýär. Haý­sy­dyr bir aga­jyň mi­we­si­niň biş­me­gi üçin bel­li bir wagt ge­rek bol­ýar. Aga­jyň gül­le­ri dü­şen­den soň­ra düw­ýär. Soň­ra bol­sa ula­lyp biş­ýär. Mi­we­le­riň kä­si il­ki dü­wen wag­tyn­da­ky­dan 100 es­sä çen­li ulal­ýar. Adat­ça, mi­wä­niň iý­mä­ge ýa­ram­ly bol­ma­gy üçin ol do­ly ula­lan we bi­şen bol­ma­ly. Em­ma mi­we­le­riň käbiri agaç şa­ha­la­ryn­da wag­ty do­ly biş­me­ýär. Bu mi­we­ler ýyg­lan­dan soň­ hem biş­me­gi­ni do­wam e­d­ýär. Şol se­bäp­li olar az-kem ter­räk wag­ty ýyg­nal­ýar. Mi­we­le­riň kä­bir gör­nü­şi­ni bol­sa aga­jyň şa­ha­syn­dan ýolup alyp iýip bol­ma­ýar. My­sal üçin, zeý­tun ýyg­lan­dan soň­ra bir­nä­çe wagt­lap içi­ne dür­li go­şun­dy­lar go­şu­lan ýö­ri­te su­wa ýa­ty­ryl­ýar. Bak­ja eki­ni bo­lan hy­ýar bol­sa ter­li­gi­ne, ýag­ny en­tek biş­män­kä iýil­ýär. Ba­zar­dan sa­tyn alyn­ýan hy­ýa­ryň reň­ki ýa­şyl hem bol­sa, bi­şen hy­ýa­ryň reň­ki go­ňur, da­şy tor­ly, ta­ga­my ajy bol­ýar. Di­ňe to­hu­my alyn­jak hy­ýar bi­şen­den soň­ra ýy­gyl­ýar. Mi­we­le­riň kä­bi­ri­niň en­tek do­ly biş­män­kä ýyg­nal­ýan­dy­gy­ny aý­dyp­dyk. Bi­şen mi­wä­niň ysy, ta­ga­my üýt­ge­ýär, dü­zü­min­dä­ki şe­ker muk­da­ry art­ýar. Üzüm, ýer­tu­da­na ýa­ly mi­we­ler şa­ha­syn­dan, pazylyndan go­pa­ry­lan­dan soň­ra ösü­şi dur­ýar, onuň ta­ga­my, ysy, reň­ki üýt­ge­me­ýär. Ba­nan, al­ma ýa­ly mi­we­ler ýy­gy­lan­dan soň­ra reň­ki, ta­ga­my we ysy üýt­ge­ýär, bir­ne­me ýum­şa­ýar. Şeý­le mi­we­ler go­pa­ry­lan­dan soň­ra şa­ha­syn­dan suw we iý­mit alyp bil­me­ýän hem bol­sa, me­ta­bo­li­ki taý­dan iş­jeň­li­gi­ni do­wam e­d­ýär, dem alyp bil­ýär. Mi­we­ler dem alan­la­ryn­da, kis­lo­rod we glýu­ko­za sarp ed­ýär­ler, kö­mür­tur­şy ga­zy­ny, su­wy we ýy­ly­ly­gy bö­lüp çy­kar­ýar­lar. Ho­wa so­wuk bol­sa, mi­we­ler­de bu pro­ses tog­ta­ýar. Şol se­bäp­li mi­we­dir gök önüm­ler bel­li bir de­re­je­dä­ki so­wuk am­mar­lar­da uzak wagt­lap sak­lan­ýar.

Didar NURYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.