19-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegi göz öňünde tutuldy.