Nowruz baýramy irki döwürlerden bäri, esasan, Gündogar ýurtlarynda bellenilip geçilýär. Bu baýramyň 21-nji martda bellenmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi, 21-nji martda gije bilen gündiz deňleşýär. Irki döwürlerde ulanylan Şemsi senenamalaryň köpüsinde 21-nji mart ýylyň ilkinji güni hasaplanypdyr. Şeýle-de bolsa, käbir medeniýetlerde gije bilen gündiziň deňleşýän gününiň ertesi güni bolan 22-nji mart hem täze ýylyň ilkinji güni hökmünde, täze ýylyň başlangyjy hökmünde bellenilipdir. 22-nji mart ylmy taýdan hem baharyň ilkinji güni hasaplanýar. Ýaz (ýa-da bahar), tomus, güýz we gyş pasyllary, adatça, Ýeriň demirgazyk ýarym şaryna mahsus hasaplanýar. Pasyllar günorta ýarym şarda tersine bolýar – güýz ýaz bilen, gyş tomus bilen ýerine çalyşýar. Mysal üçin Antartidada iýun, iýul, awgust aýlary gyş pasly hasaplanyp, şol ýerde ýylyň iň sowuk döwri bolýar. Ylmy taýdan seredenimizde 21-nji dekabr demirgazyk ýarym şarda gyşyň başlangyjy, günorta ýarym şarda ýazyň başlangyjy hasaplanýar. Şu günden başlap, gijeleri gysgalyp başlaýar. Bu ýagdaý ýazyň başlangyjy hasaplanýan 21-nji marta çenli dowam edýär. Ekwator guşaklygyndan demirgazyga gidildigiçe gijeler has uzyn bolýar. Senenama görä, bahar 1-nji martda başlanýan hem bolsa, ylmy taýdan 21-nji martda ýaz paslyna girilýär.
Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna, Ýere Günüň şöhlesiniň düşüş dikligine baglylykda ýylyň dowamynda dört sany esasy gün bar. Bu günler pasyllaryň çalyşýan günleri hasaplanýar. 21-nji hem-de 23-nji sentýabr gije bilen gündiziň deňleşýän günleridir.
21-nji dekabr iň uzyn gije, iň gysga gündiz hasaplanýar. 21-nji iýun bolsa, iň uzyn gün, iň gysga gije bolýar.
Gije bilen gündiz ýylyň dowamynda iki gezek deňleşýär – 21-nji martda hem-de 23-nji sentýabrda.
21-nji martdan soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
21-nji iýun: iň uzyn gün, iň gysga gije. Bu seneden soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Demirgazyk polýusda alty aýlap Gün batmaýar, Günorta polýusda alty aýlyk gije başlanýar.
23-nji sentýabrdan soňra gündiz gysgalyp başlaýar.
21-nji dekabr: Iň uzyn gije, iň gysga gündiz. Bu seneden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
3–4-nji ýanwar: Ýeriň Güne iň ýakynlaşýan wagty.
4–5-nji iýul: Ýeriň Günden iň daşlaşýan wagty.
Selbi Muhammedowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.