Tomsa çenli Ýewropa Komissiýasy täze howa maksatlaryna uýgunlaşdyrmak maksady bilen Ýewropa Bileleşiginiň ähli energiýa kanunlaryna täzeden sereder. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Ursula fon der Lýaýen mälim etdi. Bu maksatlaryň biri, 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli zyýanly gazlaryň 55 göterime çenli azaltmak we asyryň ortalaryna çenli Ýewropa Bileleşiginde uglerod zyňyndylarynyň 0 derejesini gazanmakdan ybarat bolup durýar.