1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneiro şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawa bagyşlanan maslahatynda Bütindünýä suw gününi bellemek hakynda karara gelinýär. 1993-nji ýyldan bäri her ýylyň 22-nji marty dünýäde suw ýetmezçiligine ünsi çekmek, bu meseläniň öňüni almaga bagyşlanan maslahatlary geçirmek arkaly bellenilip geçilýär. Suw gorlarynyň ýetmezçiligi diýlende suwuň gereginden artyk ulanylmagyna oňa bolan talabyň köpelmegine aýdylýar. Bürtindünýä suw güni 2015-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä ykdysady forumy tarapyndan adamzat ýaşaýşynyň iň uly meseleleriniň biri hökmünde kabul edildi. Suw ýetmezçiliginiň birnäçe sebäbi bar. Ilat sanynyň artmagy, adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň kämilleşmegi, suw serişdeleriniň aşa köp sarp edilmegi we suwarymly ekerançylyk ýerleriniň artmagy suw serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Howa şertleriniň üýtgemegi, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, suw serişdeleriniň bisarpa peýdalanylmagy hem bu täsiri artdyrýar. Umuman alanyňda, dünýädaki ähli suw gorlaryny jemläniňde, adamlaryň häzirki talaplaryny ýerine ýetirip biljek derejede suw bar, emma dünýäniň her bir künjeginde, her bir wagtda suwa bolan isleg tapawutly, ýagny bir sebitde ilatyň sany agdyklyk edýän bolsa, başga bir ýerde örän az. Suw ýetmezçiliginiň ähli sebäpleri adamlaryň suw dolanşygyna edýän täsiri bilen baglanşyklydyr. Suw ýetmezçiligi wagtyň geçmegi bilen tebigatyň gidrologik şertleriniň üýtgemegi netijesinde hem özgerip biler. Muňa suw serişlerinden peýdalanyşy we dolandyrylyşy hem öz täsirini ýetirýär. Suw ýetmezçiliginiň, esasan, iki görnüşi bolýar – fiziki taýdan ýetmezçilik hem-de ykdysady taýdan ýetmezçilik.

Fiziki taýdan suw ýetmezçiligi belli bir çäkde tebigy suw resurslarynyň azlygy esasynda ýüze çykýar. Ykdysady taýdan suw ýetmezçiligi bolsa, ýeterlik derejede bar bolan suw gorlarynyň bisarpa peýdalanmagy esasynda ýüze çykmagyny aňladýar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, birnäçe ýurtda we sebitde gündelik hojalyk işlerine, önümçilige, oba hojalygyna we daşky gurşawa ýeterlik derejede suwuň bardygyna garamazdan, suw ýetmezçiligi ýüze çykýar. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň bäşden bir bölegi suwuň fiziki taýdan ýetmezçilik edýän şertlerinde ýaşaýarlar. Fiziki suw ýetmezçiligine daşky gurşawyň zaýalanmagy, ýerasty suwlaryň azalmagy we şol sanda suwuň aşa köp sarp edilmegi gönüden-göni täsir edýär.

Ykdysady taýdan suw ýetmezçiligine derýadan we kölden suw almak üçin suw desgalaryna we tehnologiýalaryna maýa goýumlaryň ýeterlik derejede goýberilmeýändigi we ýerasty suwlardan ýa-da beýleki suw gorlaryndan adamlaryň peýdalanyp bilmäge mümkinçiliginiň ýoklugy sebäp bolýar.

Birleşen Milletler Guramasanyň Ykdysady, Sosial we Medeniýet işleri boýunça Komiteti suwy goramak barada bäş sany esasdan ybarat bolan kanuny kabul etdi. Kanuna laýyklykda, her bir adamyň ýeterlik, howpsuz, fiziki taýdan elýeterli, gündelik we sahsy durmuşuna ýeterlik derejede suwa hukugy bardyr.

Müňýyllygyň ösüş maksatlary

2000-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykdysady suw ýetmezçiliginiň täsirlerine bagyşlanan Müňýyllygyň ösüş maksatlary atly sammit geçirildi. Sammitda suw ýetmezçiligi meselesine halkara möçberinde garap geçmeginiň zerurdygy bellenip geçildi. Şol wagta çenli olar “Müňýyllygyň ösüş maksatlary” atly maksatnamanyň esasyny düzdüler we  dünýäniň 189 ýurdunyň ylalaşmagy esasynda sekiz sany netijä geldiler.

2016-njy ýylda Durnukly Ösüş Maksatnamasy “Müňýyllygyň ösüş maksatlary” atly maksatnama diýlip üýtgedildi.

Daşky gurşawa täsiri

Suw ýetmezçiligi daşky gurşawa we şol sanda köllere, derýalara, suwly-batgalyklara we beýleki süýji suw çeşmelerine ýeterlik derejede özüniň zyýanly täsirini ýetirýär. Suw ýetmezçiligi onuň aşa köp ulanylmagy netijesinde döreýär, esasan hem, ýygy suwarymly ýerler daşky gurşawa dürli görnüşde zeper ýetirýär. Meselem, şorlanmak derejesiniň ýokarlanmagy, ýokumly maddalaryň zaýalanmagy, ýaplaryň ýa-da hanalaryň suwlarynyň çekilmegi we suwly-batgalyklaryň azalmagy ýaly. Her niçik-de bolsa, ösen tehnologiýa, içimlik we suwaryş suwuny tebigatdan almaga mümkinçlik berýär. Häzirki wagtda derýalardan we köllerden uzak, emma deňiz kenarynda peýda bolan iri şäherler bolup, şol şäheriň suw zerurlygy deňiz suwuny süýjetmek arkaly üpjün edilýär. Iri şäherleriň köpüsinde lagym ulgamynyň suwy hem-de ýagyn suwy bir ýerde toplanyp dolulygyna diýen ýaly arassalanyp, gaýtadan şäheriň içimlik suw ulgamyna berilýär.

 

Sähragül BERDINAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.