Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

 Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe gerişdiler.

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektar meýdan taýýarlanyldy. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşar, olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi.

Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ekiş möwsümine çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “149 F”, “Gubadag-3”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606” tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň 7 müň 600-den gowragy, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müň 500-den gowragy peýdalanylar. Etraplarda düzüminde mehanik-abatlaýjylar hem-de sazlaýjylar bolan toparlaryň 436-sy döredildi. Şolar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem ýakynda gelip gowşan täze tehnikalar, hususan-da, ekiş gurallary, dünýä belli “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlar şu möwsümde ekin meýdanlaryna çykarylar.

Şu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si taýýarlanyldy. Şolar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň okgunly ösüşini, obasenagat toplumynyň ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi.

Maslahatlarda gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň we haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.