«Micro­soft Corp» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň ýaz­gy­ly we ses­li ara­gat­na­şyk prog­ram­ma­sy bo­lan «Discord Inc»-i 10 mil­liard dol­la­ra sa­tyn al­mak üçin gep­le­şik ge­çir­ýän­di­gi mä­lim edil­di. «Discord»-yň ba­zar nyr­hy­nyň ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da­ky ha­sa­bat bo­ýun­ça 7 mil­liard dol­la­ra ýe­ten­di­gi ha­bar ber­lip­di. Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Micro­soft» soň­ky ýyl­lar­da oýun ba­za­ry­na hem-de jem­gy­ýet­çi­lik plat­for­ma­la­ry­na ma­ýa goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. 2002-nji ýyl­da «Micro­soft» ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len, on­laýn oýun oý­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän «Xbox» plat­for­ma­sy ge­çen ýyl 7,5 mil­liard dol­la­ra bu ugur­da iş alyp bar­ýan «Ze­ni­Max Me­dia»-ny sa­tyn alyp­dy. Bu şert­na­ma san­ly me­dia pu­da­gyn­da­ky iň gym­mat yla­la­şyk bo­lup­dy. Iri kom­pa­ni­ýa 2016-njy ýyl­da jem­gy­ýet­çi­lik ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän «Lin­ke­dIn»-i 26,2 mil­liard dol­la­ra sa­tyn alyp­dy. Şeý­le hem «Micro­soft» go­laý­da jem­gy­ýet­çi­lik me­dia plat­for­ma­sy «Pin­te­rest Inc.»-i sa­tyn al­ma­ga is­leg bil­di­rip­di. Bi­ler­men­ler «Discord» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bir­ža­da paý­na­ma hö­dür­le­me­gi­niň has gir­de­ji­li bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.

Muhammet GARAHANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.