Şwesiýanyň Çalmers tehnologiýa uniwersitetiniň inženerleri uglerod süýümli innowasion ähmiýetli batareýanyň döredilendigini habar berdiler. Batareýanyň täze görnüşine «agramsyz» diýilýär. 2018-nji ýylda şwesiýaly alymlar ulagyň gurluşygynda ulanylmagy üçin zerur berkligi we zarýad saklamak ukybyny üpjün edýän kristallaryň ýörite tertibi bolan uglerod süýüminiň täze görnüşini oýlap tapdylar.
Taslamanyň ýolbaşçysy Leýf Aspyň aýtmagyna görä, «agramsyz» batareýa elek-trik awtoulagyna goşmaça agram salmaýar. Hünärmenler geljekde bu batareýanyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Ony diňe ulaglarda däl, eýsem, smartfonlarda, kompýuterlerde, elektrikli welosipedlerde, uçarmansyz uçarlarda we beýleki tehnologik enjamlarda ulanmak bolar.
Saparmuhammet ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.