Halkara astrofizikler topary kosmos desgalarynyň gijeki asmany 10% ýagtylandygynyň üstüni açdylar. Alymlaryň bellemegine görä, emeli hemralar we Ýeriň orbitasynda Gün şöhlesini yza serpikdirýän kosmos galyndylary asmanyň ýagtylygyny ýokarlanmagyna sebäp bolýar. “Asmanyň ýagtylygynyň ýokarlanmagynyň ujypsyz bolmagyna garaşýardyk, ýöne ilkinji nazary çaklamalarymyz geň galdyrdy we bu baradaky netijelerimizi bada-bat habar bermegi makul bildik” -diýip, ýagtylygyň hapalanmagy baradaky gözlegiň esasy awtory Miroslaw Kotsifaý aýdýar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu mesele has köp emeli hemranyň iberilmegi sebäpli mundan beýläk hem ulalar. Munuň asmanyň ýagtylygynyň ýokarlanmagynyň ýeke-täk sebäbi däldigi bellendi.