31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Halkara maslahata dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri medeni merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, taryhçy-gündogarşynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, syýasatşynaslaryň we diplomatlaryň gatnaşdylar

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen umumy mejlisde Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan bolan diplomatlar we alymlar çykyş etdiler.

Türki dilli halklar dünýä taryhynyň dowamyna ägirt uly täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni we taryhy mirasyny saklaýjylar bolup durýar. Meňzeşligini, dinini, dilini, öňki nesilleriň toplan özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap galan bu halklar öz şöhratly we baý mazmunly geçmişine buýsanmaga haklydyr.

Alymlaryň pikirine görä, halkara maslahat Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly hakynda bilimleri we düşünjeleri artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge-de uly goşant goşar.

Gündogaryň hem-de Hindistanyň köp ýerlerinde türkmenleriň we hindileriň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan taryhy-medeni gatnaşyklaryna taryhy nukdaýnazardan garalýan subutnamalary saklap galan ýylýazgylary ýatlanyp geçildi. Bu gadymy halklaryň ikisiniň medeniýetleriniň özara täsiri üçünji müňýyllykda hem üstünlikli dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň halklarynyň Gündogarda döwlet işgäri we şahyr, serkerdebaşy hem-de akyldar hökmünde tanalýan türkmen halkynyň görnükli ogly Baýram hana buýsanýandyklary bellenildi. Baýram han orta asyr Gündogarynyň güýçli döwletleriniň biriniň — bir bitewi döwlet hökmünde kemala gelen Beýik Mogollar imperiýasynyň hatyrasyna uly işler bitirdi.

Baýram han Türkmen Beýik Mogollar döwletini dolandyranda, özüni diňe görnükli serkerdebaşy hökmünde görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, baý döredijilik mirasyny — türkmen dilinde ýazylan şahyrana eserleriň 350-sini hem-de pars dilinde ýazylan eserleriň 600-den gowragyny — joşgunly gazallary, rubagylary, kasydalary hem-de ylmyň dürli ugurlaryndaky bilimlere, şol sanda astronomiýa, lukmançylyk, hukuk ylymlaryna esaslanan “tälim beriş şygyrlaryny” ýadygärlik galdyrdy.