Germaniýanyň ýygyndysynyň taryhyndaky 3-nji ýeňlişi

86

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda “J” toparçada garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Ýewropa çempionatyndan soň milli ýygyndydaky tälimçiligini taşlajakdygyny habar beren Germaniýanyň tälimçisi Ýoahim Löwüň şägirtleri toparçalara Islandiýany 3-0 utup, ýeňiş bilen başlapdy. Soňra Rumyniýany Gnabriniň ýeke-täk goly bilen ýeňen nemesler düýnki duşuşykda öz meýdançasynda Demirgazyk Makedoniýadan 2-1 asgyn geldi. Makedonlara ýeňiş getiren gollary Goran Pandew (45+2) bilen Elif Elmas (85) derwezä girizdi. Nemesleriň ýeke-täk goluny-da penaltiden Ilkaý Gündogan (63 p) öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňliş olaryň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrlaryndaky soňky 20 ýyldaky ilkinji ýeňlişi bolup, olar soňky gezek 2001-nji ýylda ýeňlipdiler. Şol bir wagtyň özünde bu olaryň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň taryhyndaky 3-nji ýeňlişi bolup, Germaniýanyň ýygyndysy mundan ozal, 1985-nji ýylda Portugaliýadan 1-0, 2001-nji ýylda-da Angliýadan 5-1 utulypdy.

ERMENISTANYŇ ÝYGYNDYSYNDAN ŞOWLY BAŞLANGYÇ

Toparçada 3 oýunda 9 utuk toplan Ermenistanyň ýygyndysy birinji orunda barýar. Olar Lihtenşteýni 1-0, Islandiýany 2-0, Rumyniýany-da soňky minutlarda geçiren 2 goly bilen 3-2 hasabynda ýeňdi.