31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň
29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine milli Liderimiziň adyndan hoşallyk sözlerini ýetirdi we olara işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, saýlawlar saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirildi.
Degişli şahsyýetnamalar gowşurylan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalary geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Mejlisde saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň milli synçylar boýunça wekilleriniň habarlary diňlenildi. Şeýle hem raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň barşyna syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habar berildi.
Mejlise gatnaşyjylar milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.