Hytaýyň iň uzyn suwasty ýol tuneli 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ulaglar üçin açyk bolar. Bu barada taslama jogapkär Hytaýyň aragatnaşyk we gurluşyk kompaniýasy «Third Harbor Engineering» kompaniýasynyň wekilleri habar berdiler.
Uzynlygy 10,8 kilometr we ini 43,6 metr bolan suwasty geçelge Hytaýyň gündogaryndaky Taýhu kölüniň aşagyndan gurulýar. Bu köl ýurtda süýji suwly üçünji uly köldür. Tunel Çanžou-Usi awtoulag ýolunyň dowamy bolup, umumy uzynlygy 44 kilometre deň bolar.
Suwasty tuneliň gurluşygynyň gündogar Szýansu welaýatynda 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda başlandygy habar berilýär. Häzir bu desgada binýat plitalarynyň gurluşygy tamamlandy. Tunelde galyndy suwlaryň we tozanyň zyňylmagyny aradan aýyrmak üçin awtomatiki işleýiş enjamlary we akylly gözegçilik ulgamlary ulanylar.