Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar il­kin­ji kos­mos myh­man­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­ny, şol san­da, baş­ga-da bir­nä­çe tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni tog­tat­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň «El Mun­do» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, «Ga­te­way Fo­un­da­ti­on» 2027-nji ýyl­da stra­tos­fe­ra­da myh­man­ha­na aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de gel­jek­ki myh­man­ha­na­nyň ady üýt­ge­di­lip, mun­dan beý­läk ol «Fon Braun kos­mos stan­si­ýa­sy» däl-de, «Wo­ýa­ger stan­si­ýa­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Hal­ka gör­nüş­li stan­si­ýa­da­ky aý­ry-aý­ry kap­su­la­la­ryň otag­la­ryn­dan Ýer to­ga­la­gy­ny syn­lap bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.
Müş­de­ri­le­re Ýe­re go­laý or­bi­ta­da bir hep­de­den bir­nä­çe aýa çen­li wagt ge­çir­mek, hat­da, has uzak wagt­lyk esas­da ýer­leş­mek müm­kin­çi­li­gi ber­ler. Meý­da­ny 50 müň ine­dör­dül met­re deň bo­lan myh­man­ha­na­nyň dü­zü­min­de 440 adam üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan otag­lar, gar­ba­nyş­ha­na­lar we sport zal­la­ry bo­lar.
Bi­na­gär Tim Ala­tor­re­niň pi­ki­ri­çe, tas­la­ma­nyň mak­sa­dy hem­me­le­riň kos­mo­sa el­ýe­ter­li­li­gi­ni ga­zan­mak­dan yba­rat bo­lup, dynç alyş­la­ry ge­çi­rip bol­jak tä­sin­lik­ler­den do­ly ýer dö­ret­mek. Şeý­le-de bol­sa, açy­lan­dan soň­ky il­kin­ji ýyl­la­ryn­da myh­man­ha­na­da di­ňe bar­jam­ly­la­ryň dynç alyp bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Gur­lu­şyk bi­len meş­gul­lan­ýan «Or­bi­tal As­samb­le­ýa» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, il­ki bi­len stan­si­ýa­nyň mer­ke­zi ele­men­ti­ni or­bi­ta çy­kar­mak baş mak­sat bo­lup dur­ýar.