Tähranda Eýranyň we Hytaýyň Daşary işler ministrleri Jawad Zarif we Wan I iki ýurduň arasynda 25 ýyl möhletli giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekdiler.
Ylalaşyk iki ýurduň arasynda 20 sany ugurda, hususan-da, syýasat, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň hyzmatdaşlygy, medeni, hukuk, goranmak, howpsuzlyk, şeýle hem sebit we halkara meselelerinde gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Wan Iniň pikiriçe, Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar hemişelik we strategik häsiýete eýe bolup, häzirki ýagdaýa bagly däl.
Ondan öň Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzade bu şertnamanyň mowzugynyň ilkinji gezek Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň 2016-njy ýylda Tährana eden sapary wagtynda gozgalandygyny ýatlady. Onuň sözlerine görä, bu şertnama iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady taraplaryny we Eýranyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna gatnaşmagyny göz öňünde tutýar.