Fewralyň 18-ne Marsa gonan “Perseverance” marsahodynyň ýany bilen iberilen kiçijik dikuçaryň ilkinji uçuşynyň yza süýşürilendigi mälim edildi. Mundan ozal 8-nji aprelde uçurylmagy göz öňünde tutulan uçuş 11-ne süýşürildi. “Ingenuity” atly dikuçar 11-ne garaşylyşy ýaly uçurylyp bilinse, bu baradaky maglumatlaryň 12-nji aprelde köpçülige ýetiriljekdigi mälim edildi. Dikuçar bellenen aralykda aýlanar we guşuçar belentlikden surata düşürer. Dikuçara ilkinji motorly uçary işläp düzen doganlar Wraýtlara hormat hökmünde şol uçaryň bir bölegi hem ýerleşdirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, NASA 1971-nji ýylda Aýa awtoulag iberipdi. Elektrik batareýasy bilen işleýän bu ulagy amerikan astronawtlary Dewid Skott we Jeýms Irwin sürýär. Şeýlelikde Aýda ilkinji awtoulag sürüşini ýola goýan NASA Gyzyl planetadaky ilkinji uçuşy hem amala aşyrar.