Dünýäniň iň irki binalary hasaplanýan piramidalaryň ýurdy bolan Müsür taryhy ýadygärliklere baý bolmagy bilen tanalýar. Ýurtda saklanyp galan taryhy ýadygärliklerden başga-da birnäçe eserler we mumiýalar hem bar. Taryhy mumiýalar täze gurlan Milli Müsür medeniýeti muzeýine dabaraly ýagdaýda göçürildi. 3-nji aprel güni agşam guralan dabarany dünýäniň dürli ýurtlaryna degişli 400 teleýaýlym göni ýaýlym arkaly tomaşaçylaryna ýetirdi. Şeýle hem bu dabara onlaýn platformalar arkaly hem köpçülige ýetirildi. Jemi 22 faraonyň ýagny 18 patyşanyň we 4 şa zenanynyň mumiýalary müsür däplerine görä ýörite dizaýn edilen aýratyn maşynlar arkaly daşaldy. Mumiýalar birnäçe asyrdan bäri duran ýerlerinden Kairiň günortasynda gurlan täze muzeýe äkidildi. 5 kilometrlik bu aralyk 40 minutda geçildi. Mumiýasy daşalan faraonlaryň arasynda Ramses II, Ramses IX, Sekenenra Taa II we Hatşepsut ýaly belli şahsyýetler bar. Täze gurlan muzeýiň 4-nji aprelde açylandygy, mumiýalaryň bolsa aýyň 18-ne myhmanlara görkezilip başlanjakdygy mälim edildi.