Dubaýda agramy 16,5 kilogramdan gowrak bolan ysyrga birbada iki rekord goýdy. 22 karatlyk altyndan ýasalan zergärçilik önümi dünýäde iň agyr we iň uly altyn gulakhalka hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. «Mayura Sahasra» (terjimesi: müň tawus guşy) diýlip atlandyrylan syrga «Joyalukkas Jewellery» atly zеrgärçilik kompaniýasy tarapyndan taýýarlanypdyr. Ysyrgalaryň uzynlygy 1,21 metre, diametri bolsa 68,2 santimetre ýetýär. Gymmat bahaly zergärçilik önümini taýýarlamak üçin 55 ussa 5 müň 840 sagat zähmeti çekipdir. Gulakhalkalaryň dizaýnynda hindi medeniýetinde gözelligiň, buýsanjyň we näzikligiň nyşany bolan tawus guşundan ylham alnypdyr. Bezeg işleriniň esasynda Günorta Aziýanyň çерerçilik däplerinde giňden ýaýran «jhumka», ýagny jaňjagaz şekilinden peýdalanylypdyr. Sünnälenip bejerilen nagyşlar guşuň ýeleklerini ýatladýar.
Ysyrgalar şäheriň söwda nokatlary ýerleşýän «Dubai Gold District» toplumyndaky «Jewel of Joy by Joyalukkas» salonynda köpçülige görkezmek üçin hemişelik goýuldy. Salon her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli işleýär, giriş mugt.
PDF








