“LG” kompaniýasynyň direktorlar geňeşi soňky 5 ýylda yzygiderli ýitgilere sezewar bolýandygyny we önümçiligiň beýleki ugurlaryna has köp üns bermek maksady bilen smartfonlar önümçiligini ýatyrmak kararyna geldi. “Bloomberg” -iň soňky neşiri LG-iň uzak wagtdan bäri smartfon bölümi üçin alyjy gözleýändigini habar beripdi. Telefonlaryň “akylly” görnüşleri ýaýrap başlandan soňra LG-niň bu bazardaky täsiri azalyp başlady. 2010-njy ýyllaryň başynda bu kompaniýa dürli görnüşli modelleri satuwa hödürledi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen hytaý kompaniýalary bilen bäsdeşlikde yzda galdy. LG beýleki ugurlary – telewizor we beýleki öý hojalyk enjamlaryny öndürmek we üpjün etmek bilen ösmegini dowam etdirer. Kompaniýa smartfon önümçiligini resmi taýdan 31-nji iýulda dolulygyna bes eder. Häzirki wagtda global bazardaky telefonlaryň 2 göterimi bu kompaniýanyň paýyna düşýär.