Koreýa Respulikasynyň “Samsung” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýegindäki peýdasy 44,19 göterim ýokarlanyp, 8,2 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň bu girdejisi 2018-nji ýyldan bäri iň uly ösüş hökmünde hasaba alyndy. Geçen ýyl has köp adamyň işlerini uzakdan gatnaşmaklary netijesinde elektron enjamlara bolan isleg ýokarlandy. Bu bolsa bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň girdejisine oňyn täsir etdi. “Samsung”-yň orta derejeli smartfonlaryna hem-de ýokary derejeli telewizorlaryna isleg artypdyr.