Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany halkymyzyň milli buýsanjymyz bolan Türkmen alabaýlaryna goýýan hormatynyň nyşany boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly eserinde «Halkyň milli gymmatyna, Kemal türkmen alabaýy» diýip belleýşi ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde köp müňýyllyk taryhly milletimiziň durmuşynda alabaýlaryň ornuny we geçmiş yzlaryny öwrenmek, milli itşynaslyk tejribelerini dikeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli alada edýär. Türkmeniň ahalteke bedewi, nepis halysy bilen birlikde, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar.
Türkmen halkymyzyň baýramçylyk senenamasyna täze baýramçylygyň goşulmagy watandaşlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen alabaýynyň baýramy bu tohumyň aýratynlyklary, häsiýetleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, görnüşini gorap saklamakda we milli itşynaslyk sungatyny halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmakda, alabaý itleriniň at-abraýyny dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikleri döreder. Geljekde alabaý itlerine bagyşlanan halkara sergilerdir maslahatlar, gözellik bäsleşikleri yzygiderli geçiriler. Bu işler bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, bilelikdäki ylmy-barlaglaryň alnyp barylmagy üçin ajaýyp şertler dörär.
Alabaý wepalylygy, gaýduwsyzlygy, batyrlygy bilen tapawutlanýar. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň saýlanmagy ýöne ýerden däldir. Ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu milli gymmatlygymyzyň tutuş dünýäde giňden wagyz edilmegine oňyn şertler döredip, bu assosiasiýanyň halkara agzalarynyň hem bolmagy türkmen alabaýyna dünýä derejesinde gyzyklanmanyň ýokarydygyny alamatlandyrýar. Ynsanyň iň bir ýakyn dosty, goragçysy hasaplanýan alabaýlar halkymyzyň durmuşynda geçmişde-de, häzirki döwürde-de esasy orny eýeläp gelýär. Olaryň duýgurlygy, hüşgärligi, wepadarlygy hem-de kyn günüňde ýakyn dost kimin ýardam edýänligi türkmen alabaýlarynyň asla gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny açyp görkezýär.
Halk arasynda aýtgylara öwrülen «It geldi – gut geldi» diýen jümleler hem daýhanlarymyzyň ýyl hasabynda it ýylynda eken ekinleriniň has gowy bolup, ýylyň gelşiniň ygally bolmagy bilen ekerançylarymyzyň bol hasyl alyp ammarlary doldurýandygy bilen baglydyr. Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara eýerilip, mirasymyza aýawly çemeleşip halkymyzyň milliligini gorap saklamakda we oňa aýratyn sarpa goýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de ony dünýäde giňden wagyz etmek babatda alyp barýan işleri täze döwürde taryhy Kararlar bilen hem berkidilýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda Kanuna gol çekdi. Şoňa laýyklykda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we seýisçilik sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, türkmen alabaý itlerini seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde aýratyn şahsy goşant goşan, türkmen alabaý itlerini idetmegiň we ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly at dakylar. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at hem döredilip, ol hem itşynaslyk we kinologiýa ugry boýunça azyndan 10 ýyl birkemsiz zähmet çeken we türkmen alabaý itleriniň baş sanyny köpeltmekde, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, şeýle-de bu babatda gazanylan üstünlikleri, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylar.
Milli mirasymyzy goramaga hem-de ösdürmäge, türkmen halkynyň medeniýetini dünýä ýaýmakda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Babyş KURBANGELDIÝEW,
Kaka etrap prokurorynyň kömekçisi.